Bähbitli tutumlar rowaç alýar

Uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, şan-şöhraty barha ýokarlanýar. Türkmenistanda asyrlara ýaň saljak tutumly işler amala aşyrylýar. Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly bu günki gün gaýtadan dikeldilip, halkara hyzmatdaşlygynyň ýoluna öwrülýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşmegi bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga ýardam eder. «Biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr» diýýän Arkadagly Serdarymyz umumy taryhy medeni kökleri bir bolan bu doganlyk ýurt bilen gatnaşyklary täze derejelere çykarmaklyga uly ähmiýet berýär.

Bu gatnaşyklaryň binýadyny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de goldaw bermek esaslary düzýär. Türkmenistan bilen Özbegistan sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak babatda syýasy goldaw bermäge hem-de BMG-niň, beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk işlerini döwrebap usullarda alyp barýar. Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegi iki goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir edýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işi, iki ýurduň işewür düzümleriniň we dürli pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklar özüniň oňyn netijelerini berýär.

Biz — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny arşa göterýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

28.07.2022 ý

 

tags: