Baş wezipe — halkyň saglygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä berilýän üns ýokary derejä çykdy. Arkadagly Serdarymyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine Şa gadamyny goýup, bu ýerde egindeşleri bilen welosipedde gezelenç etmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Saglyk tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem halkymyz il saglygyny bütin ýurduň baýlygyna deňeýär. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam hasaplanýan Diýarynda lukmançylygy, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň iň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler munuň subutnamasydyr. Ýurdumyzda dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan hassahanalaryň we saglyk merkezleriniň, köp sanly sagaldyş-dynç alyş öýleriniň, sport desgalarynyň, şypahanalaryň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýär.

Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasy döwrebap innowasion enjamlar bilen üpjün edilip, onda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy, zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baş baýlygy — saglygy ugrunda edilýän giň möçberli tagallalaryň nobatdakysy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bu hassahana ýedi gatdan ybarat bolup, bu ýerde işgärleriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir. Hassahanada iň kämil enjamlar, saglygy goraýyş maksatly serişdeler ornaşdyrylandyr.

Adamlaryň saglygyny goramakda ähli mümkinçilikler döredilen bu hassahanada jemi 27 bölüm bar. Bu desganyň Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa telekeçilerdir işewürler üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň nyşanydyr.

Dünýä ülňülerine kybap gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri döwrebap lukmançylyk hyzmatlary bilen utgaşýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym — baş baýlygym» diýen ajaýyp jümleleri ýol-ýörelge edinen halkymyzyň aýdyň geljegi has-da rowaçlanýar. Halkyň saglygyny Watanyň baýlygyna deňäp, bu ugurda güýç-gaýratyny gaýgyrmaýan Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Tahyr Öwezow, TDP-niň Serdar şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

03.05.2022 ý

 

 

tags: