«Babadaýhanyň» gaýratly perzendi

Toprak hemişe sahylygyň we jomartlygyň nusgasyna deňelipdir. Ol sepen her bir dänäňi müň edip gaýtarýar. Ene topragyň sahylygyna bil baglap, ömrüni daýhançylyga bagyşlanlaryň biri-de ussat gallaçy, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Arazgylyç Arazgylyjowdyr.

Asly daýhan maşgaladan bolan, bütin ömrüne diýen ýaly toprak bilen iş salşyp gelýän Arazgylyç aga oba hojalygyny, ylaýta-da, gallaçylygy ösdürmek ugrunda döwletimizde döredilýän amatly şertlerden, berilýän goldawdan peýdalanyp, alyn deriniň hözirini görýän kärendeçileriň biri. Arazgylyjyň kärendeçiler topary ýylyň-ýylyna sahy toprakdan ak bugdaýyň bol hasylyny alyp, saçaklarymyzyň berekediniň artmagyna mynasyp goşandyny goşýar. «Iş bitirseň, il tanar» diýleni, bolçulygyň gözbaşy bolan ak bugdaýy ýetişdirmekdäki yhlasly zähmeti, baý tejribesi, toparyň gazanýan ýokary netijeleri nazara alnyp, 2017-nji ýylda halypa daýhan «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.

— Eždatlarymyz: «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýipdirler. Biziň üstünliklerimiziň gözbaşy hem topar agzalarynyň agzybirliginde, gaýratlylygynda. Ilkinjileriň hatarynda hem kärendeçiler Durdygylyç Arazgylyjow, Durdy Jamanow, Bäşim Arazgylyjow, Altyn Orazowa dagynyň adyny tutmak isleýärin. Geçen ýyl 138 gektar meýdanyň her gektaryndan 62 sentnerden hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrdyk. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bolsa 842 tonna bugdaý hasylyny ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 90 sentnere ýetirdik. Häzirki wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm geçirmek işleri hem gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu işde mehanizatorlar Arazmät Halmedow, Guwanç Agaýew dagy has-da tapawutlanýarlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlara berilýän kömek-goldawlar, döredilýän giň mümkinçilikler şeýle ýokary sepgide ýetmäge esas bolýar — diýip, Arazgylyç aga gürrüň berýär.

Hawa, ene toprak juda sahy we jomart. Munuň şeýledigine guşgursak dänäni borçnamadan artyk tabşyrmagy başarýan zähmetsöýer daýhanyň yhlasly zähmetidir gazanýan netijeleri aýdyň güwä geçýär. Biz hem «Babadaýhanyň» gaýratly hem maksadaokgunly kärendeçilerine täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Kuwat Mämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri

“Türkmenistan” gazeti

07.07.2022 ý

 

tags: