BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HÖZIRI

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bagtyýar raýatlarymyz eşretli döwranyň hözirini görýärler. Türkmenistanyň okgunly ösüşlerine bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi şaýat bolýar. Döwlet Baştutanymyz: «Milletiň öz erkli millet bolup ýaşamagy, öz ýurduny özi dolandyrmagy, dünýäde ykrar edilmegi, dünýä çykmagy we dünýä halklary bilen deňli-derejeli gatnaşyk etmegi üçin mukaddes Garasyzlygymyzyň,hemişelik Bitaraplygymyzyň syýasy özygtyýarlylygynyň artykmaçlygy we mümkinçiligi iňňän uludyr» diýip belleýär.Merdana halkymyz şu günler ýokary ruhubelentlik bilen baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin tutanýerli işleri alyp barýar. Zähmet joşgunyny ýokary derejede güýçlendirmek bilen, türkmenistanlylar jemgyýetiň durmuşyny özgerdýärler, ykdysady we durmuş ösüşiniň täze belentliklerine ynamly gadam urýarlar. Ähli ýerlerde ýurdumyzyň düýpli täzelenişiniň we gülläp ösüşiniň aýdyň alamatlary göze ilýär. Önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy gurlup, ulanylmaga berilýär.Ençemesiniň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. şeýle ösüşler bu günki gün Daşoguz şäherine hem mahsusdyr. Taryh üçin örän gysga döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan medeni-durmuş maksatly binalar sanardan kän. Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden ajaýyp döwründen hoşal bolan bagtyýar raýatlaryň ýüzlerindäki nuranalygy, gözlerindäki aýdyň ertirlere ynamy göreniňde şeýle döwletli-döwranda ýaşaýandygyňa göwün guşuň ganatlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binasyny hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýy bolan binalary gurmaga ak pata berildi. Resminama laýyklykda, Daşoguz şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasy alyp bardy. Umumy meýdany 10.5 gektara barabar bolan ajaýyp bina şäherimiziň görküne görk goşýar. Bu günki gün Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köp ugurly hassahananyň hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşyklaryny ýatlamak hem ýakymlydyr. Bu halkara derejeli hassahanalaryň gurluşyklary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar. Halkara derejesinde gurulýan bu döwrebap binalaryň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda badalga berildi. 450 orunlyk köpugurly hassahananyň umumy meýdany 8.5 gektara barabar bolup, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň umumy meýdany 5.9 gektara deňdir. Bu ajaýyp kaşaň binalaryň ählisiniň hem welaýat merkeziniň günortasynda Daşoguz şäherinden Howa menziline uzaýan şa ýoluň ugrunda ýerleşmegi mukaddes Garasyzlygymyzy şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda barha gözelleşýän welaýat merkeziniň görküne görk goşjakdygyny aňladýar. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli zamanada, Garaşsyzlygyň beren bagtyny duýup ýaşamagy üçin tagallalaryny gaýgyrmaýar. Dünýäde ykrar edilen milli Lideri miziň adalatly syýasatynyň, amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde halkymyzyň ýaşaýşy hil taý dan has-da ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň girişinde: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk  Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr» diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alyp barýan adyl, ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen mukaddes işlere ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmagy toýly ýylymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar» diýen parasatly jümleleri biziň her birimizi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde has yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.

Goý, güneşli Diýarymyzda toýlarymyz toýa ulaşsyn! Joşgunly aýdym-sazlaryň belent owazy bütin dünýä ýaň salsyn! Ýurdumyzy gülledip ösdürýän, Watanymyzyň asmanynyň arassa, durmuşynyň parahat bolmagy ugrunda tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Täçmyrat Rejepow, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

26.08.2021

 

tags: