Bagtyýar durmuşyň özeni

Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili bolan oňyn özgertmeleriň maksadalaýyk amala aşmagy, ozaly bilen, ýurdumyzda milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen nurana sözi bar. Şeýle ajaýyp şygaryň astynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Berkarar döwletimizde adam mertebesi has ýokary göterilip, onuň mizemez hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ýolunda aýgytly ädimler ädildi. Döwletimiz adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede goramak, durmuş ýörelgesine öwürmek üçin zerur bolan syýasy, ykdysady hukuk şertlerini döredýär. Halkara hukugyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen kadalary doly ýerine ýetirilýär. «Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy» adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen ilkinji halkara resminamadyr. Türkmenistan hem öz milli kanunçylygynda şu jarnama esaslanýar.

Kanunçylygyň yzygiderli, netijeli kämilleşdirilýändigi milli döwletlilik, hukuk we demokratik binýatlaryň barha berkidilýändigine aýdyň güwä geçýär. Syýasy, ykdysady, medeni taýdan belent sepgitleriň eýelenmegi babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, ilkinji nobatda, kämil kanunçylyk ulgamy bilen baglanyşyklydygyny döwletimiz üns merkezinde saklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda birek-birege hormat goýmaga, ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, özüniň içerki durmuşynda-da edil şunuň ýaly parasatly ýörelgelerden ugur alýar. Amala aşyrylýan ähli özgertmeler, ozaly bilen, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga gönükdirilýär. Adam hukuklaryny kepillendirmek demokratik, hukuk döwleti üçin mahsusdyr. Ol milli kanunçylygyň özenini düzýär. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda raýatyň şahsy, syýasy, durmuş-ykdysady hukuklary, döwlet tarapyndan goraglylygy anyk görnüşde beýan edilýär. Bu barada Esasy Kanunymyzyň girişinde: «Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny — şu Konstitusiýany kabul edýäris» diýlip, anyk beýan edilendir.

Adam hukuklary baradaky mesele her bir raýatyň azatlygyna, abadançylygyna, işine, durmuşyna we mertebesine degişli bolup durýar. Bu barada Esasy Kanunymyzyň 26-njy maddasynda şeýle beýan edilýär: «Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr». Ýurdumyzda ýaşaýan raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, ýaşaýan ýerine, diline, dinine, syýasy ygtykatyna garamazdan, olaryň deňhukuklylygy, azatlygy döwlet tarapyndan doly üpjün edilýär. Raýatlaryň hukuklary we azatlyklary bilen deň derejede olaryň konstitusion borçlary hem berkidilýär. Bu barada Konstitusiýamyzyň 57-nji maddasynda: «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr» diýlip bellenilýär.

Ýurdumyzda kanunçylygy, hukuk binýadyny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işler döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny demokratik ýollar bilen ösdürmäge, giň düşünjeli raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň demokratik, hukuk döwleti hökmünde toplan taryhy tejribesi we häzirki döwürde ýeten derejesi bilen tanyşdyrýan parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baý tejribesi, ýol görkeziji parasaty bilen milli kanunçylygymyzyň has-da kämilleşdiriljekdigi açyk-aýdyňdyr.

Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

27.04.2022 ý

 

tags: