BAGTYÝARLYGYŇ BAGT KÖLI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary bilen birlikde, beýleki pudaklary ösdürmäge-de hemişe üns berýär. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny saklamak hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlygy gorap saklamak, çölleşmä we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek babatda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde ýurdumyzda her ýylda miweli we saýaly bag nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar we öňden bar bolan baglara bejergi işleri geçirilip, ideg edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda

bina ediljek täze, döwrebap obanyň, durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, munuň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanmaly. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk merkezi, ýaşaýyş jaýlary, balykçylyk hojalygy, suw süýjediji desgalar, gara hem demir ýollar çekiler.

Kölüň döredilmegi ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagyna we guraklyk bilen baglanyşykly köpsanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, suwuň ägirt uly gory dörediler, ol tebigy taýdan süzülme we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly täze ýerleri özleşdirmekde, öri meýdanlaryny giňeltmekde, şeýle hem gök zolaklary döretmekde, ekologiýa abadançylygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanynda täze, döwrebap obanyň

gurulmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebitiň ýurtlary üçin görelde alarlyk ähmiýete eýedir. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi geljekki nesilleriň bagtyýar ýaşaýşynyň we ilatyň eşretli durmuşynyň güwäsidir. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrýan işleriniň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, Garagumda balykçylygy ösdürmekde, gurakçylyga çydamly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde, biodürlüligi gorap saklamakda, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde beýleki ýurtlar üçin nusga alarlyk tejribedir.

Bazargeldi Çaryýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

12.08.2021 ý

 

 

tags: