BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň: “Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär” diýip belleýşi ýaly, döwletimiziň Esasy Kanuny milli demokratiýamyzyň kämil derejesidir, raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, işlemegini, bilim almagyny, rahat ýaşaýşyny kepillendirýän iň ýokary hukuk namasydyr.

Hormatly Prezidentimiz “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda: “Döwletiň kanunçylygy babatdaky özgertmeleriň raýatlaryň erk-isleginden ugur almalydygy her bir döwür üçinem hökmany şertdir. Biz il-halkymyzyň oý-pikirlerini, garaýyşlaryny düýpli öwrenmegiň möhümdigini hiç haçan-da ünsden düşürmeýäris” diýip belleýär.

Bagtyýarlyk zamananyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň milli hukuk ulgamy has-da kämilleşdirilýär, iki palataly ulgama geçilip, täze hukuk namalary kabul edilýär, hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň hem täze rejelenen görnüşi kabul edildi.

Döwrebaplaşdyrylan kanunlar adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, Watan üçin, halk üçin döredijilikli zähmet çekmäge, abadan ýaşaýşa gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga ýokary amatlyklary döredýär. Bu ugurda döwletiň hökümet edaralaryny we wezipeli adamlaryny her bir şahsyýeti

goramaga we goldamaga, onuň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmaga borçly edýär. Adamlaryň hukuk düşünjesini ýokarlandyryp, özleriniň we özgeleriň hukuklaryny hormatlamagyny terbiýeleýär, jemgyýetiň hukuk medeniýetini kämilleşdirýär. Bu bolsa raýatlaryň jemgyýetiň ähli agzalary bilen deňdigine, hemişe özüne adalatly, hormat bilen garalýandygyna ynamyny pugtalandyrýar.

Adam hukuklarynyň aglaba bölegi Konstitusiýanyň “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýip atlandyrylan 25 — 65-nji maddalary öz içine alýan 2-nji bölüminde berkidilýär. Bu bölümde halkara hukugyň  umumadamzat ýörelgeleri bilen ýokary derejede utgaşýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet üçin mahsus kadalar jemlenýär.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

18.05.2021 ý

 

tags: