BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Golaýda TDP-niň Darganata etrap komitetiniň guramagynda halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça Darganata etrap häkimliginde, etrap bilim bölüminde, çagalar we ýetginjekler döredijilik merkezinde, jemagat hojalygy bölüminde duşuşyklar guraldy. Olara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşyp, ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýermek bilen, her bir raýatyň öz saglygyny goramagy we berkitmegi üçin gurlup, ulanylmaga berilýän şypahanalaryň, hassahanalaryň, şeýle hem döredilýän şert-mümkinçilikleriň ähmiýeti barada çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat duşuşyklarynda howanyň düzüminiň üýtgemegi netijesinde ýüze çykyp biljek ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk örtüklerini dakynmagyň hem-de möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak üçin zerur öňüni alyş çäreleriň ähmiýeti düşündirildi.

Aýsuluw Sultanowa, TDP-niň Darganata etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

 

tags: