BAGTYÝARLYGYŇ SAKASY

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda, jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligini gazanmak babatda işjeň tagallalar edilýär.

ÄNEW. Welaýat Statistika müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat maslahatyna ol ýerde zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy. «Milletiň saglygy — ýurduň baýlygy» şygary astynda geçirilen maslahat welaýatyň jemgyýetçilik guramalary, Saglygy goraýyş müdirligi hem-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan guraldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň saglygyny goramak babatda edýän bimöçber tagallalarynyň durmuşa üstünlikli ornaşdyrylyşy hem-de möwsümleýin ýokanç kesellerinden, ýagny ýiti respirator wirusly keselleri bolan grip, paragrip, adenowirus ýokançlaryndan goranmak üçin şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň edildi.

— Howanyň sowaýan döwründe adam bedeninde üýtgeşmeler bolup geçýär, şoňa görä-de bu döwürde sagdyn iýmitlenmek, zähmeti we dynç alşy kadalaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerurdyr — diýmek bilen, çykyş edenler möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça degerli maslahatlaryny berdiler. Olar burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmegiň, elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň we sabynlap ýuwmagyň, ýokumly iýmitler, esasan-da, С — askorbin turşusyna baý önümler bilen iýmitlenmegiň ähmiýetini bellediler.

Maslahatyň dowamynda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmak, degişli howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygy berjaý etmek boýunça maslahatlar berildi.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

23.11.2020 ý

 

tags: