BAGTYÝARLYGYŇ SAKASY

Howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, obadyr şäherçe geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat işleri giň gerimde geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda, jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu işleriň netijeliligini gazanmak babatda işjeň tagallalar edilýär.

AK BUGDAÝ. Etrabyň Gämi oba Medeniýet öýüniň kiçi mejlisler jaýynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga edara-kärhanalaryň jogapkär işgärleri, saglygy goraýyş işgärleri, partiýa işjeňleri gatnaşdy.

Duşuşykda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan guwandyryjy işler, häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti dogrusyndaky söhbede aýratyn orun berildi. Onda çykyş edenler sagdyn iýmitlenmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygy berjaý etmek bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler.

Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşykda türkmen tebigatynyň eçilen gymmatly ösümligi bolan üzärligiň bejerijilik, öňüni alyjylyk häsiýeti baradaky gürrüňe hem üns çekilip, üzärligi tütetmegiň keseliň öňüni almakda peýdasynyň uludygy bellenildi.

Röwşen Gulow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy

“Ahal durmuşy” gazeti

23.11.2020 ý

 

tags: