Bagtyýarlygymyzy wagyz etmek bagty

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda syýasy ulgamyň işjeňligini, onuň amala aşyrýan gündelik işleriniň döwrebaplygyny ýokarlandyrmaga, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 30 ýylynyň dowamynda aýdyň göz ýetirdik. Aslynda, şöhratly taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, her bir etjek işini ýedi ölçäp, bir kesýän türkmene gurmak, döretmek, guran we döreden zatlaryna buýsanyp ýaşamak, olaryň hözirini görmek ýaraşýar. Şonuň üçinem merdana, agzybir we zähmetsöýer halkymyz parasatly döwlet Baştutanynyň ýiti öňdengörüjilikli hem-de çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldamak bilen, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda dünýä nusgalyk işleri amala aşyryp, ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmagy başardy. Amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň ahyrky netijeleriniň, ilkinji nobatda, il-ulsumyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilýändigi bolsa, has-da buýsançly hakykatdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň her biri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymata esaslanýan syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Şu pursatda ýene bir buýsançly hakykata aýratyn ünsi çekesimiz gelýär. Ol hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belentden toýlanan ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmegine hem 30 ýylyň dolýandygydyr. TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň, ýerlerdäki ilkinji guramalarynyň we işjeň agzalarynyň  şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrylan ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni-durmuş özgertmelerine gönüden-‑göni dahylly bolmagy başarandyklaryny hem uly ynam bilen aýdyp bileris.

Geoykdysady taýdan gara, polat, howa we deňiz ýollarynyň juda amatly künjeginde ýerleşýän welaýatymyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklarynyň ummasyz gorlaryny özünde jemleýändigini aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özem, hormatly Prezidentimiziň bimöçber üns-‑aladalary netijesinde, welaýatymyzy senagatlaşdyrmaklyga, ählitaraplaýyn we oýlanyşykly ösdürmeklige giň mümkinçilikleri açýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň, Demirgazyk — Günorta transkontinental ulag geçelgesiniň, Gündogar — Günbatar magistral gaz geçirijisiniň, Garabogazdaky karbamid, Gyýanlydaky polimer zawodlarynyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, Balkanabatdaky sement zawodynyň, Esenguludaky, Serdardaky we Bereketdäki çeper halyçylyk kärhanalarynyň, Hazar deňziniň kenaryndaky suw süýjediji desgalaryň, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň, etrap-şäherlerdäki, obalardaky medeniýet ojaklarynyň, sport toplumlarynyň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň gurluşyklary we beýleki döwletli taslamalar her birimizi buýsandyrýan hakykatdyr. Welaýatymyzda häzirki wagtda alnyp barylýan dürli maksatly desgalardyr kärhanalaryň gurluşyklary bolsa, bu il-ýurt bähbitli işleriň dowamat-dowamdygyndan habar berýär.  Şu ýagdaýyň özem welaýatymyzyň has uly ösüşleriň mesgenine öwrülýändigine doly şaýatlyk edýär.

Hawa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň dünýäniň has kuwwatly döwletleriniň hataryna goşulmagy babatynda amala aşyrýan beýik özgertmelerine halkymyzyň arasynda geçirýän wagyz-ündew işleri bilen mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem milli Liderimiziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen mähriban Diýarymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen ýazylýan üstümizdäki ýylda alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnygymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekýäris. Bu möhüm işde TDP-niň welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-den gowragy netijeli işleri alyp barýarlar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sanynyň otuz müňe barabardygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler. TDP-niň welaýat komitetiniň «Balkan» welaýat gazeti bilen şanly senelere bagyşlap guraýan bäsleşikleri hem özüniň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy, şu ýyl bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guran bäsleşiklerimizde diňe bir işjeň agzalarymyz öz makalalary, şygyrlary bilen çykyş etmän, eýsem, dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlarymyz hem ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan ýürek buýsançlaryny ýokary ruhubelentlik bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri ýörite baýraklar bilen sylaglandylar. Oba hojalyk pudagyndaky esasy möwsümleýin işlerde has tapawutlanýan zähmet adamlaryny gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglamak hem bizde indi asylly däbe öwrüldi.

Döredilenine 30 ýyl dolýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap we şäher komitetleriniň işgärleri, olaryň işjeň agzalary dünýäde iň bir demokratik döwletleriň hatarynda tanalýan ata Watanymyz Türkmenistanda halal zähmet çekip, milli Liderimize, eziz Diýarymyza, şöhratly taryhymyza, bagtyýar şu günümize we nurana ertirlerimize bolan çäksiz buýsanjy kalplarynda besläp, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini ilat arasynda giňden wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmazlar. Bizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtdan paýly eden Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri dowamat-dowam bolsun!

Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

09.12.2021 ý

 

tags: