Bagtyýarlyk mukamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine üstünlikli gadam basýan eziz Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyl dolýar.

Bu şanly senäniň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyna gabat gelmegi hem, şanly baýramçylyklaryň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanyljakdygyndan habar berýär. Bu bolsa mähriban halkymyzda ajaýyp zamanamyza, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy hasda artdyrýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýylynyň içinde Aşgabat tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň, möhüm teklipleriniň netijeleri häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşinde aýdyň şöhlelenýär. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyz Aşgabatda binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaklyga, zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmeklige aýratyn üns berilýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ýaly ähli amatlyklar döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşyny üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyzda binalaryň gurluşyklary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna daýanyp amala aşyrylýar. Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär. Goý, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli tutýan belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat Çägeliýew, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Aşgabat” gazeti

25.02.2021 ý

tags: