BAGTYÝARLYK NYŞANY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň göwher täji hasaplanýan ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze öwrülen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen alyp barýan beýik işleri halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabatda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheri adamlaryň durmuşynyň ýokary derejelerini, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi, amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin aňrybaş oňaýly şertleri bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň, sport toplumlarynyň, ajaýyp binalaryň we köşkleriň, köpsanly ýadygärlikleriň, suw çüwdürimleriniň we seýilgähler toplumlarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bilen binagärlik babatda täze we ajaýyp keşbe eýe boldy. Orta Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna goşuldy.

Milli Liderimiziň oýlanyşykly döwlet syýasaty, şol sanda ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga we biodürlüligi saklamaga hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlary şeýle beýik işleriň, taryhy özgertmeleriň şaýady bolýandyklaryna tüýs ýürekden buýsanýarlar.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýy, şan-şöhraty belende göterilip, ady äleme ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehini, yhlasy bilen gurulýan binalar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär hem-de ýokary bahasyna mynasyp bolýandygy hem aýratyn buýsandyryjydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginiň düýp özeninde hem mähriban Arkadagymyzyň ýiti zehininiň, ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etmek hyjuwynyň jemlenendigi hemmämizi buýsandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bolelin, abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri bu gün uly rowaçlyklara beslenýär. Ata Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşiniň bölüm müdiri.

“Aşgabat” gazeti.

 

tags: