Baky bagtyýarlygyň Diýary

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşen halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny, Halkara Bitaraplyk gününi uludan belläp geçýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanylýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.

Türkmenistan Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky ýörite Kararnamasy esasynda halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde şan-şöhrata eýe boldy. Şoňa görä-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän sene hökmünde taryha girdi. Türkmenistanyň eýe bolan halkara hukuk ýagdaýy kanunçylyk taýdan berkidildi. Ýagny, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Agzalan resminamalaryň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň baky Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatynyň Konsepsiýasy hem tassyklanyldy.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy gaýtadan tassyklandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan, agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmeginiň özi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan işlerine, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna Ýer ýüzünde ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan gününden bäri geçen çärýek asyr döwrüň dowamynda Türkmеnistаnyň dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklarynda toplan tejribesi dаşаry syýasаtynyň özеni bоlаn hеmişеlik Bitаrаplygyň milli wе hаlkаrа ynаmy dоly ödändigini subut etdi. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen berkarar Watanymyzyň alyp barýan daşary syýasaty we amala aşyrýan halkara gatnaşyklary bu gün dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek babatynda ýokary bahalara mynasyp bolup gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we ajaýyp başlangyçlary netijesinde geçen gysga taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, şeýle-de Ýer ýüzüniň ähli yklymlarynyň ýurtlary bilen dürli ugurlarda alyp barýan gatnaşyklary işjeňleşdi. Parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmegine eýe bolan berkarar Watanymyz sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeläp gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan oňyn başlangyçlary, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen işjeňleşýän hyzmatdaşlygy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oňyn syýasy ugrunyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglanyşykly, bu ajaýyp sene berkarar Watanymyzda giňden bellenilip geçilýär. Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat, etrap we şäher komitetleri tarapyndan hem ajaýyp senä bagyşlanan baý mazmunly dabaralar, duşuşyklar, baýramçylyk maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler geçirilýär. Şol çäreleriň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary ilat arasynda wagyz edilýär, olaryň many-mazmuny we ähmiýeti düşündirilýär. Bu işleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň çäreleri bilen utgaşykly alyp barýarys. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işlerini, beýik başlangyçlaryny öz işimizde ýörelge edinmek bilen, biz — partiýa işgärleri hem-de agzalary wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizi mundan beýläk-de netijeli häsiýetde alyp bararys, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere saldamly goşant goşarys.

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy

“Ahal durmuşy” gazeti

08.12.2021 ý

 

tags: