BAKY BITARAPLYK — ABADANÇYLYK

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, aýratyn hem «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň at-abraýymyzy dünýä dolduran taryhy wakalary häzirki zamanyň görnükli syýasatçysy, halklaryň arasynda parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize, Garaşsyz Watanymyza bolan beýik buýsanjymyzy has-da belende galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda parahat, asuda, agzybir ýaşaýan, erkana işleýän, döredýän we gurýan watandaşlarymyz şanly senäni — baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny ýetilen täze sepgitler, gazanylan zähmet ýeňişleri, taryhy wakalar bilen garşy alýar.

Adamzadyň belent ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýan, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşmeýilli gatnaşyklary pugtalandyrýan bu baýramçylyga bagyşlanyp ýylyň başyndan bäri döwlet derejesinde maslahatlar, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň demokratik partiýasy tarapyndan hem bu şanly senäniň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň, öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny, ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmek çäreleri geçirilýär. Bu çäreler kalbymyzda öňdengörüji syýasatçy, häzirki zamanyň görnükli, tanymal döwlet işgäri hökmünde, şeýle-de beýik işleri, döredijilikli başlangyçlary, şahsy tagallalary bilen Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, tutuş adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgusyny joşduryp, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza beýik söýgini, milli buýsanjy terbiýeleýär. Bitaraplyk üstünliklerimiziň ygtybarly girewidir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli Liderimiziň baştutanlygynda jebisligimize we agzybirligimize, watansöýüjiligimize hem-de zähmetsöýerligimize daýanmak bilen täze belent maksatlara ýetmek mukaddes borjumyzdyr.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy bütindünýä ähmiýetli beýik gymmatlygymyzdyr. Taryhy hakykatyň tassyklaýşy ýaly, gadymy döwürlerdäki hem-de orta asyrlardaky türkmen döwletleri bütin dünýä üçin giňden açyk bolupdyr. Beýleki ýurtlardyr halklar bilen hemişe ylalaşykly gatnaşyklara ymtylypdyr. Döwlet gurmak we diplomatiýa babatdaky däplerimiz XX asyryň ahyrynda öz täsin-özboluşly milli syýasatyny ýöredýän döwleti – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany döretmek üçin, binýat bolup hyzmat etdi. Ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň goldamagynda halkara derejesinde iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi, şeýle hem 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde baýram edilmegi milli Liderimiziň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalaryny bütin jahana ýaýyp, Türkmenistany dünýädäki syýasatyň we halkara ylalaşdyryjylyk işiniň iň belent basgançagyna çykaryp, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň täze guralynyň kemala gelýändigini alamatlandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklary ulgamyna we dünýäniň ykdysady aragatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar, milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýän wajyp başlangyçlary öňe sürýär we amala aşyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär, şeýle hem, halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän döwletimiz ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine ulanmaga gönükdirýär.

Arkadag Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde wideoýazgyda eden taryhy çykyşynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýokary wezipedir» diýip, aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu mejlisinde beýan eden Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň we başlangyçlarynyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilmegi şu günki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşy barada edilýän aladadyr.

Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň baky Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna beslenen ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagynyň özboluşly manysy bar. Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň ýagdaýyna has çuňňur aralaşmagy üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Çünki Türkmenistan üçin daşary ýurtlaryň oňyn tejribeleri diňe bir gyzykly bolman, eýsem biziň ýurdumyz durnukly ösüşiň täze maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara bolan goşandyny, garaýşyny paýlaşyp bilýär.

Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän açyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär. Munuň özi Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň halkara ähmiýetiniň uludygyny tassyklaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen nobatdaky 69-njy mejlisinde BMG-niň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi hem türkmen Bitaraplygynyň halkara goldawyna eýedigini ýene bir gezek subut etdi.

Türkmenistan BMG bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklara hemişe ygrarlydyr. Türkmenistan BMG-de Bitarap, parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde uly abraýa mynasyp boldy. Şeýlelikde, BMG Türkmenistany häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň we oýlanyşykly çemeleşýän ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmenistan halkara parahatçylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga we ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge degişli oňyn teklipler bilen çykyş edip, bu ugurda yzygiderli we anyk ädimleri ädýär.

Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu merkez BMG-niň we sebitiň ýurtlarynyň arasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi, şol sanda suw-energetika meseleleri, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de halkara terrorçylygyna garşy göreşmek boýunça özara gyzyklanma bildirilýän oňyn gatnaşyklar üçin netijeli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny, giň we özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny watandaşlarymyza düşündirmäge gönükdirilen jemgyýetçilik-syýasy çärelerini yzygiderli geçirýär. Şeýle çäreler ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ösüşine ýardam edýär.

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Galkynyş” gazeti

11.11.2020 ý

 

tags: