BAKY BITARAPLYK — BUÝSANJYMYZ

Türkmen döwletiniň hoşniýetli, ynsanperwer, adalatly, dost-doganlyga ygrarlylyk ýörelgelerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen ýokary ynamyň nyşany bolan baky Bitaraplyk hukuk ýag­daýy häzirki zaman taryhynyň şamçyragyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde belleniljek güni barha ýakynlaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen, baky Bitaraplygymyz täzeçe many-mazmuna eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de çuňňur paýhasynyň miweleri bu gün ýurdumyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynda şöhlelenýär. Berkarar ýurdumyzda her bir adamyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň gerimli işler bilen birlikde dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklar ýygjamlaşdyryldy. Bu gün baky Bitaraplygyň nuruny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň işjeň agzasyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilmegi, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi, ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň bellenilýän gününiň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň iri halkara guramalarynyň abraýly düzümleriniň agzalygyna saýlanmagy we dünýäde iň asuda ýurt hökmünde ykrar edilmegi döwletimiziň alyp barýan halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň tassyknamalarydyr.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan işlenip düzülen bagtyýarlyk döwrüniň ösüş nusgasy uly özgerişlere getirdi. Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly, okgunly gülläp ösýän ýurda öwrüldi. Ylymda, bilimde, medeniýetde düýpli özgerişler bolup geçdi. Ilimiziň agzybirligi we jebisligi, jemgyýetçilik durnuklylygy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan guwandyryjy netijeleridir. Ýurdumyzyň ösmegi we özgermegi üçin gerekli bolan ähli esaslar, ýagny uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan pudaklar, ýerli çig mal we zähmet serişdelerini netijeli ulanmaga zerur bolan şertler bar.

Ýurdumyzyň welaýatlaryny we milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň düýp özenini düzýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada ýerine ýetirilýän işler adamlaryň ruhuny galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

Ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň her bir welaýatynyň öňünde Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler goýuldy. Olaryň hatarynda obasenagat önümçiligini giňeltmek, önümçilik düzümlerini artdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk bolçulygyny döretmek ýaly ençeme wezipeler durýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, degişli maksatnamanyň kabul edilmegi ulgamlaýyn esasda zähmet serişdelerini artdyrmaga hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Sahawatly işleri bilen ady dünýä dolan, her bir tutumyndan halk bähbidini gözleýän eziz Arkadagymyz halkymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin ähli ugurlar boýunça işleriň kadaly ýagdaýda alnyp barylmagyny üpjün edýär. Ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, ylym-bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler, ýurdumyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän awtomobil ýollary, welaýatlarymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar, önümçilik desgalary barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýen sözleri bu gün hakyky manysyna eýe bolýar. Ýurdumyzda uzak möhlete niýetlenen strategik, pudaklaýyn, anyk maksatlara gönükdirilen sebit maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şolaryň arasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalary hem bar. Olar adamlar üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga, ýokary ýaşaýyş şertlerini döretmäge, ähli ölçegler boýunça durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şageldi Baýramow, TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: