BAKY BITARAPLYK — BUÝSANJYMYZ WE BAGTYMYZ

Baky Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylygynyň, ilimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň binýadyny berkidip, eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň mekanyna öwrülmeginde möhüm orny eýeledi. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny dabaralandyrdy we raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Ençeme halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýy has-da belende galdy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara guramalarynyň umumadamzat bähbidine gönükdirilen başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi, şol ýylyň 10 — 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi, milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan başlangyjy netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda paýtagtymyzda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň geçirilmegi baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli geçirilýän dabaralara badalga boldy. Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek häsiýetine eýe bolmak bilen bir hatarda sebitde hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyza halkara derejesinde bildirilýän uly ynamyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň altynjy gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň şol sanda 75-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary derejesine, milli Liderimiziň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna bildirilýän belent ynamyň tassyknamasydyr. «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürýän döwlet Baştutanymyzyň belent başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly Halkara maslahatda eden çykyşynda milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir. Biz bu meselelere çemeleşmelerimizi döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli hem-de aýdyň ýörelgeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmek zerurlygyndan ugur alyp ýöredýäris» — diýip bellemegi, ýurdumyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitleýär.

Bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilip geçilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan gelip gowşan hoş habarlar, paýtagtymyzda geçirilen halkara forum we eziz Diýarymyzyň çar ýanyny gurşap alan baýramçylyk dabaralary agzybir halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Watanymyzyň parahatçylygyny il-günümiziň abadançylygyny ähli zatdan ileri tutup, her bir raýatyň bagtly durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri dünýä nusgalyk işlerdir.

Farhat Hamraýew, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

16.12.2020 ý

 

tags: