BAKY BITARAPLYK — PARAHATLYK AÝDYMY

Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynda «Bitaraplyk — parahatlyk aýdymy» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Dabaraly duşuşygy TDP-niň etrap komiteti hem-de etrap merkezi kitaphanasy bilelikde gurady. Kitaphana işgärleriniň we köp sanly okyjylaryň, şeýle-de, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi, goşgular okaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu ýerde kitaplaryň sergisine gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar. Sergide täze taryhy döwrüň ruhuny açyp görkezýän kitaplara aýratyn orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar bilen ýakyndan tanyşlyk has-da täsirli boldy.

Kakamyrat Mämmetdurdyýew, TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

tags: