«Barsly» jülgäniň ýolunda (hekaýa)

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Öňdäki dynç günleriň birinde oba gidip gelmegi ýüregimize düwüp, ýola şaýlandyk. Saparymyz bary-ýogy iki günlük hem bolsa, ýol şaýyny tutmak esli wagtymyzy aldy. Oba gitmedigimize indi iki ýyldan gowrak wagt bolupdy. Şol aralykda dogan-garyndaşlarymyň kimsiniň öýünde perzent dünýä indi, kimsi täze ulag edindi, kim ýaş toýuny toýlasa, käbirleri täze öýe göçüp, jaý toýuny toýlady. Garaz, olaryň her biriniň durmuşynda «Gutly bolsun!» diýere sebäp boljak ýakymly wakalar ýeterlikdi. Ähli goşlarymy ýerbe-ýer edip, gyşaran badyma uka gidipdirin.

Daňdanlar düýşürgäp oýandym. Düýşümde edil huşumdaky ýaly oba ýolagçymykam diýýän. Özümem hiç hili ulaga münmän, pyýadalap barýan. Şol gidip barşyma ýolum obamyzyň ilersindäki «Barsly» diýen jülgäniň üstünden düşýär. Jülgä golaýladygymsaýy kalbyma howsala aralaşyp başlaýar. Göwnüme bolmasa, uzaklardan barsyň arlaýan sesi eşidilýän ýalydy. Bir görseň, iniňi tikenekledýän arlama barha golaýlaýan ýalydy. Ýöne näme üçindir, barsyň arryldysynda hökmürowanlyk däl-de, nähilidir bir zarynlyk bar ýaly duýulýardy. Birbada sesiň gelýän tarapyna ýörejek hem bolýan, emma ýüregimdäki gorkuly howsala meni bu pikirimden el çekmäge mejbur edýär. Şeýdibem, ýüzümi oba tarap öwrüp, aýagaldygyna ylgaýarmykam diýýän. Birdenem, aýagym daşa büdräp ýykylýan. Ýerimden turjak bolup başymy galdyranymda, öňümde özüme seredip duran alaja barsa gözüm düşýär. Ol menden gözüni aýyrman dur. Gorkudan ýaňa näme ederimi bilmän, daş-töweregime garanjaklaýan. Yns-jyns ýok. Kömege çagyrmak üçin sesimde baryny edip, gygyrmakçy bolýan, emma sesim çykanok.

Oýansam, derlemekden ýaňa ýassygym öl-myžžyk bolupdyr. Ýerimden galyp, birsalym gören düýşümi aňymda aýlap, köp pikirlenip oturdym. Alaja barsyň gözlerime göni seredip durşuny hyýalyma getirenimde inim jümşüldäp gitdi. Düýşümi nämä ýorjagymy bilmän azara galdym. Ahyry bu baradaky pikirleri soňa goýup, daşary çykdym. Görsem, ýanýoldaşym ulagynyň daşyndan aýlanyp, bir zatlara güýmenip durdy. Ol mümkin boldugyndan irräk ýola düşmegi teklip etdi. Men ylalaşdym. Biz ýola düşdük. Ulagyň radiosynda ýaňlanýan şirin owazly aýdymlary diňläp barşymyza, ýoly külterläp ugradyk. Ýolda biraz irkilipdirin. Birdenem, ulagyň batly silterlemesine göwräm sarsdy, gözlerimi ýalpa açyp, ýanýoldaşyma ynjyly seretdim. Ol ýüzüni ak-tam edip oturyşyna, öňe tarap ümledi. Seretsem, alaja bars. Ol ýoluň ortarasynda sarsman bize tarap seredip dur. Men bu görýänlerimiň düýşdügine ýa-da huşdugyna birbada akyl ýetirip bilmedim. Gözlerimi gyrpyldadyp, täzeden ulagyň aýnasyndan daşaryk seretdim. Bars hakykatdan hem bize tarap seredip durdy. Birdenem, daňdanky gören düýşüm güpbe ýadyma düşdi.

Biz barsyň ýoldan sowlaryna garaşyp, birsalym ulagyň içinde oturdyk. Ol ýerinden asla bytnamady. Ýöne ony nämedir bir zadyň biynjalyk edýändigi görnüp durdy. Ol mahal-mahal jülgäniň daga direýän ýerine tarap seredip, ýene-de bize delmuryp bakýardy. Onuň bolup durşundan nähilidir bir betbagtçylygyň bolandygy, şol sebäpli hem bizden haraý isleýändigi görnüp durdy. Biz ulagdan düşüp, ýuwaşlyk bilen barsa golaýlaşdyk. Özüne tarap ugranymyzy gören bars ýerinden gozganyp, aňyrlygyna ýöräp ugrady. Onuň yzyna garanjaklap barmasy «yzym bilen geliberiň» diýýän ýalydy. Biraz ýöränimizden soň, nähilidir bir zaryn ses gulagymyza ildi. Ädimimizi çaltlandyryp, sesiň gelýän tarapyna howlukmaçlyk bilen ýöräp başladyk. Alaja barsam biziň öňümize düşüp, ylgaşlap barýardy.

Şol barşymyza sesi gyrlyp, ysgyndan mazaly gaçan çaga barsyň üstünden bardyk. Halys tapdan düşen çaga bars bizi görüp, ýene-de zarynlady. Ýoldaşym ylgap baryp, ony gözden geçirdi. Görsek, ol gapana düşüpdir. Biz haýdan-haý ony gapandan boşatdyk. Ulagyň däri-dermanly gutujygyndaky dermanlardan onuň ýarasyna em etdik-de, ýörite hasa bilen gowja saradyk. Ene bars biziň hereketlerimiziň ýekejesini hem sypdyrman, seredip durşuna, hoşallyk bildirýän ýaly çalaja myrlady. Soňra çagasynyň ýanyna baryp, onuň sagrysyny mähir bilen ýalamaga durdy.

Biz ýuwaşlyk bilen olardan arany açyp, ulaga tarap gaýtdyk. Oba gidýän ýola düşüp, yzymyza seredenimizde, beýik depäniň üstüne çykyp, bize tarap seredip duran ene barsa gözüm düşdi. Esli wagtlyk dymyşlykdan soň, men agşamky gören düýşümi ýoldaşyma gürrüň berdim. Ol gürrüňimi üns bilen diňläp, ýap-ýaňy gözli şaýady bolan wakamyza haýran galdy. Ýolboýy eden gürrüňimiz hem barsyň düşbüligi, akyllylygy hakynda boldy.

Obada bolan iki günümiz diýseň gyzykly boldy. Tanyş ýüzler, didaryna suwsan mähribanlarym bilen görüşmek kalbymy nurlandyrdy.

Gaýdyşyn barsly jülgäniň deňinden geçip barşymyza, barsa duşan ýerimize ýetip, ulagyň badyny haýalladyp, daş-töweregimize seredip, tanyş barsy gözledik. Birdenem hol aňyrrakda bize seredip duran alaja barsa gözüm düşdi. Çagajygam gapdalynda gezmeläp ýör. Onuň aýagy çalaja agsaýan hem bolsa, şähdiniň açykdygy bildirip durdy.

Kümüş Mätniýazowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

08.06.2022 ý

 

tags: