Beýik maksatlaryň rowaçlanýan zamanasy

Agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň höküm sürýän mekanyna öwrülen eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda agzybir türkmen halky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa ildeşlerimiziň nurana geljege bolan ynamyny has-da artdyrýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, partiýanyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, TDP-niň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleri düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerini, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýärler. Bu ugurda alnyp barylýan işleri jemgyýetçilik guramalary, häkimlikler, medeni we sport müdirlikleri, bilim, saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde utgaşykly amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Muňa ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler hem doly şaýatlyk edýär. Aýratyn-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmekde uly öňegidişlikler gazanyldy. Geçen ýylyň jemlerine göz aýlanymyzda, welaýatymyzda hem oba hojalyk önümlerini, şol sanda miweleri, gök we bakja, et-süýt önümlerini öndürmäge telekeçilerimiziň saldamly goşant goşandygyny görmek bolýar. Daýhan hojalyklary, oba hojalykçy telekeçiler esasy baýlyklarymyz bolan pagta we bugdaýy ösdürip ýetişdirmekden başga-da, ildeşlerimiziň saçaklarynda azyk önümleriniň bol bolmagy ugrunda köp işleri etdiler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we medeni-durmuş ulgamynda telekeçiler möhüm orny eýeleýär. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara, senagat we gurluşyk harytlaryny öndürmäge işjeň gatnaşýar. Geçen ýylyň dowamynda welaýatymyzda ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hususy kärhanalar hem işjeňlik görkezdi. Şu ýerde welaýatymyzyň Halaç etrabyndaky «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetine degişli, ýyllyk önümçilik kuwwaty 192 müň tonna bolan keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawodyň ulanylmaga berlendigini bellemek bolar. Onuň Merkezi Aziýada şeýle önümleri öndürýän iň iri zawoddygy bolsa ýurdumyzda ýene bir täze senagat kuwwatlygynyň emele gelendiginden habar berýär. Kärhananyň önümlerine Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hem islegiň uly bolmagy ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýär. Onda Ýewropa ýurtlaryndan we Ýaponiýadan getirilen enjamlaryň oturdylandygy, işleriň aglaba böleginiň kompýuterler arkaly dolandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär.

Uglewodorod serişdeleriniň iri gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk hem-de yzygiderli ädimleri ädýär. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul eden Rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe birnäçe döwletler Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika pudagynyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda halkalaýyn energetika ulgamy döredildi. Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly ýokary tehnologiýaly elektrik bekedi guruldy. Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bolsa welaýatymyzyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaztrubinaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. 2021-nji ýylyň aprel aýynda welaýatymyzyň Farap etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezi ulanylmaga berildi.

Şeýle hem geçen ýylyň iýun aýynda milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen, Kerki halkara howa menzili hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy ulanylmaga berildi. Welaýatymyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde Farap etrabynda gurlan çagalar dynç alyş seýilgähi mundan bäş ýyl ozal ýurdumyzyň iň göreldeli etraby hökmünde ykrar edilen etrabyň körpelerine ajaýyp sowgat boldy. Şeýle-de geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Saýat etrabynyň Lebaby we Çowdur geňeşliklerine degişli bolan obalarda täze mekdepleriň ikisi ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, bu obalaryň çagalary täze okuw ýylyny döwrebap mekdeplerde garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň ählumumy üstaşyr ulag mümkinçiliklerini döretmek babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmegi ugur edinýän milli, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen 2021-nji ýyl turuwbaşdan şanly wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza iş saparyny amala aşyran günlerinde sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, goňşy ýurtlar bilen birek-birege ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Owganystanyň Akina şäherinden Andhoýa çenli uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýol, Kerkiden Şibirgana çenli 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam, şonuň ýaly-da, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy ugry boýunça optiki-süýümli halkara ulgam, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Bu şanly wakalar sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek arkaly parahatçylygy berkitmek boýunça asylly başlangyçlary öňe sürýän ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň Owganystanda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna hyzmat etmäge ugrukdyrýandygyny görkezýär. «Malaý» käninde gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän «mawy ýangyjyň» mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Dostlukly ýurda akdyrylýan gazyň möçberiniň artdyrylmagy bolsa iki döwlet üçin hem bähbitlidir.

Hut şu ýerde — nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Ol XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Gaz geçirijä tebigy gazyň akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän «Malaý» gaz ýatagy hem bar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary hut şu bereket käninden başlandy. Bilşimiz ýaly, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ýerde geçirilen iş maslahatynda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz bolsa täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň milliardlarça kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa kärhanasy öz işini döwrüň talabyna görä guramak bilen, iň bir öndürijilikli işleýän önümçilik kärhanalarynyň birine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, döredijilik gözleglerini yzygiderli alyp barýarlar. Netijede, kärhanada önümçiligiň täze görnüşleri ýola goýulýar. Kärhananyň öňdebaryjy tejribä daýanyp, täzeçillige ýykgyn etmegi bilen, bu ýerde halk hojalygy üçin zerur önümleriň 10-a golaýy öndürilýär.

Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy, ýurdumyzyň abadançylygy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimize ildeşlerimiziň hoşallygynyň çägi ýok. Bize döwletli-döwrany, bagtyýar durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merdan Dosmedow, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

22.02.2022 ý

 

tags: