Beýik ösüşlerimiziň şamçyragy

Başymyzyň täji bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly bellenjek günleri ýakynlaşdygyça, Watanymyzyň her bir raýatynyň kalbynda buýsanç duýgulary möwç urýar. Pederlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda arzuw eden azatlygy, erkinligi hiç bir zat bilen deňäp bolmajak bagt. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, iň dogry ýoluň  ösüşler ýolunyň saýlanyp alynmagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe, diňe öňe tarap hereketiň bedew bady bilen menziller aşmagy biziň her bir döwürdeşimiziň, şeýlelikde bolsa, bütin türkmen halkynyň täzeden döreýşiň miwelerinden isledigiçe peýdalanmagyna şert döretdi. Taryh üçin gysga döwrüň içinde Garaşsyz Watanymyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda öz mynasyp ornuna abraý bilen eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz: «Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyzlygy halkymyzyň abadançylygy, agzybirligi, bagtyýarlygy, döwlet berkararlygy» diýip belleýär. Munuň hut şeýledigini  biziň 30 ýyllyk taryhymyz, gazanan üstünliklerimiz bütin äleme subut etdi. Bu gazanylan taryhy netijeleriň binýadynda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan. ylmy esasda dörän içeri we daşary syýasaty, halkymyzyň  pähim-paýhasyndan emele gelen agzybirligi hem gahrymançylykly zähmeti, bagtly geljege bolan sarsmaz ynamy durýar. Garaşsyz Watanymyzyň ynsanperwer, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan syýasatynyň çuňňur, täze hem gaýtalanmajak mazmuny Birleşen Milletler Guramasy hem onuň köp sanly düzümleri bilen gatnaşyklarymyzda aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu guramanyň belent münberinden aýdýan sözleri, umumy bähbitlere hyzmat edýän teklipleri hem ündeýän çözgütleri hemişe halkara jemgyýetçiligiň üns merkezinde we halklaryň alkyşyny almagy dowam edýär. Hut şonuň üçinem, Türkmenistan ykbal çözüji meseleleri durmuşa geçirmegi maksat edinýän onlarça halkara guramalaryň agzasy bolup durýar we olarda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýädäki belent abraýynyň subutnamasydyr. Garaşsyzlygymyzyň synmaz sütünleriniň biri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlylygydyr. Ozal nebitgaz, pagta ýaly sanlyja görnüşlere bagly bolan, özem önümi çig-mal görnüşinde öndürmäge mejbur edilen önümçilik ulgamlaryny indi daşary ýurt nusgalary bilen bäsleşip biljek derejede ýokary hilli taýýar haryt öndürýän önümçilige öwürmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Bu gün dokma senagatynyň, nebitgaz hem himiýa önümçiliginiň ýokary hilli önümlerine daşary ýurtlarda uly isleg bar. Hat-da dünýäde täzelik hasaplanylýan tebigy gazdan benzin öndürmek ýaly önümçiligi ýola goýmak üçin tagallalar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda köp görnüşli nebithimiýa polipropilen we birnäçe täze önüm öndürýän kärhana we beýlekiler ösüşiň täze derejesine beýgelendigimizi görkezýär. Şonuň ýaly-da, bazar ykdysady gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, senagat ösüşinde eýelenen sepgitler hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiligini hem döwlet dolandyrmak paýhasyny görkezdi. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda alnyp barylýan, senagat, gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş, pudaklarynda dünýä belli meşhur firmalar, kompaniýalar bilen iş alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligini, syýasy paýhasynyň belentligini açyk görkezýän käbir mysallara bolar. Biziň ýurdumyzda «Gündogar-Günbatar», «Demirgazyk-Günorta» ulag-üstaşyr  gatnawlarynyň üpjün edilmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurlup, işe başlamagynyň özi taryhy wakalardyr. Haçanda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň netijelerini görenimizde, demir ýol, deňiz ýoly, ulag aragatnaşyklarynyň şu pursatdan nähili uly ähmiýete eýe bolýandygy mälim boldy. 2002-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi, indem bolsa tutanýerli tagallalaryň netijesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi bilen tamamlanmagy guwandyryjy wakadyr. Iň esasy zat, bu duşuşykda hormatly Prezidentimiziň Hazarýaka döwletleriniň özara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky teklibini döwlet  Baştutanlar tarapyndan biragyzdan gyzgyn goldanyldy. Bu bolsa ulag-üstaşyr aragatnaşygynyň, iň soňky tehnologiýa mümkinçilikleri esasynda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýetini ençeme esse artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde hem umumadamzat bähbitli ekologiýa meseleleriniň anyk çözgütlerini teklip etdi. 2021-nji «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çäklerinde geçirilýän çärelerde hem Gahryman Arkadagymyz dünýä halklary bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaklyga aýratyn üns berýär. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyl içinde ylymda, bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda üstünliklerimiz hem ýurdumyzda toplumlaýyn ösüşiň üpjün edilýändigini, işlenip düzülen meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Mähriban halkymyzy bagtly durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Döwletmyrat Çägeliýew, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Aşgabat gazeti”

21.08.2021 ý

 

tags: