BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝOLUNDA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni Arkadag Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda beýik ýeňişlere, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaga bolan synmaz ynamyny has-da berkidýän wajyp ähmiýetli şanly wakalara beslenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli ýoluny esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunymyzy döwlet gurluşynyň dünýä we milli demokratik tejribesine, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirmegi çalt depginlerde özgerýän dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge, milli demokratiýamyzy kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda ýetilen belent sepgitlere we gazanylan uly üstünliklere, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge, tutuş adamzadyň abadan ösüşiniň we ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere, örän oýlanyşykly ynsanperwer ýörelgelere bütin dünýäde ýokary baha berilýär.

Türkmenistan häzir ykdysady taýdan durnukly we ýokary depginler bilen ösýän, bazar ykdysadyýetine özüniň durmuş taýdan goragly syýasaty bilen işjeň girişýän, ylym-bilimiň, medeniýetiň giň gerimler bilen öňe gidýän berkarar döwletine öwrüldi.

Taryhyň şaýatlyk etmegine görä, halkyň we döwletiň ykbalyny özgerdiji işler beýik şahsyýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan Watanymyzy senagat taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmäge, ýokary tehnologiýalara we kämil bilime esaslanýan, her bir adama, onuň hukuklaryna we azatlyklaryna, erkin ösüşine we abadançylygyna aýratyn üns berilýän jemgyýeti döretmäge gönükdirilen beýik maksatlary üstünlikli amala aşyryp, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgeleri dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň meşhur şahsyýetleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda dünýewi, hukuk, demokratik döwletimiziň syýasy, ykdysady we ruhy taýdan berk binýady döredilip, Berkarar Watanymyz tanalmaz derejede kuwwatly döwlete öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikler hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri nazara alnyp, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn özgerdilmegi, döwrebap we ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan innowasion ykdysadyýeti döretmek ugrunda asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman şäherçeleri, etraplary we ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler hem-de önümçilik maksatly dürli desgalar gurulýar. Geçen 2019-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň iki müňe golaýynyň gurlup, ulanmaga berilmegi maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, üstümizdäki ýylda Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda gadymy türkmen topragynyň şäherleriniň we obalarynyň asyrlara nusga bolup galjak ajaýyp binagärlik toplumlarynyň, senagat kärhanalarynyň we fabrikleriň, hassahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, edara ediş binalarynyň, täze şäherçeleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, oba hojalyk pudagynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şular bilen bir hatarda daýhanlara toprakdan bol hasyl öndürmäge, eşretli durmuşda ýaşamaga döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde gadymy ekerançylyk medeniýetimiz barha galkynýar.

Ykdysady we senagat ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejesini gazanmak hem baş wezipeleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralaryny döretmek, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýola goýmak, medisina ulgamyny sanlylaşdyrmak, mähriban halkymyzy bagtyýar we sagdyn durmuşda ýaşatmak babatynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny döretmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy halkara ülňüleriniň derejesine ynamly çykdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli we umumadamzat medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, Arkadag Prezidentimiziň aladalary bilen, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna, olaryň zehin-ukybynyň kämilleşmegine we ilhalar sungat ussatlary bolup ýetişmeklerine giň ýol açylýar. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri dünýäniň dürli yklymlarynda geçirilýän halkara medeni çärelerine işeňňir gatnaşýarlar. Türkmen medeniýetiniň milli aýratynlyklarynyň, ýeten derejesiniň dünýä ýurtlaryna wagyz edilmegine, şeýle hem özara tejribe alşylmagyna oňyn şertler döredilýär.

Ýurdumyzda sagdyn nesilleri ýetişdirmek, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, fiziki işjeňligiň giňden ornaşdyrylmagy, türkmen sportunyň halkara giňişliginde öz mynasyp ornyny eýelemegi ugrunda hormatly Prezidentimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türkmenistan bütin dünýäde sporty we Olimpiýa hereketini düýpli ösdürmäge uly goşant goşýar. Muny ýurdumyzda türgenlerimiziň, sport ussatlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, öz tejribelerini artdyrmaklary üçin ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, ulanylmaga berlen we berilýän sport desgalary, olarda geçirilýän halkara derejesindäki sport bäsleşikleri, halkara maslahatlary doly aýdyňlygy bilen görkezýär.

Milli Liderimiziň daşary syýasat strategiýasy ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan ösmegine, döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyklykda kämilleşmegine zerur bolan halkara ähmiýetli şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp alyp barýan daşary syýasatyna diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Iri halkara guramalarynda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri häzirki zamanyň wajyp meselelerini gozgaýar we olaryň halkara derejesinde oňyn çözülmegine itergi berýär, netijede bolsa döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mümkinçilik berýär.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegini we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de belende galmagyny nazarlaýan belent maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine