BEDEWLERIMIZE BUÝSANÝARYS

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ýurdumyzda iri pagtaçylyk, gallaçylyk, şalyçylyk etrabydyr. Şunuň bilen birlikde etrapda ajaýyp bedewler ösdürilip ýetişdirilýär.

XX asyrda bu ýerde Mätdurdynyň dory, Parahat, Çebşek, Boýnak, Akbilek, Atmaýran, Terguş ýaly atlar seýislenip ýetişdirilipdir. Olar barada rowaýata öwrülen gürrüňler şu günlerem bedew janköýerleriniň dilinden düşmeýär. Parahat, Garagär ýaly atlar geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda geçirilen Aşgabat — Moskwa at çapyşygyna gatnaşyp şöhrat gazanypdyrlar. Garagär diýen bedew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna äkidilip, soň dolanyp gelmeýär. Parahat şol döwürde Moskwa — Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg) aralygyna 500 kilometre guralan ýaryşda ikinji orny eýeleýär.

Häzirki döwürde etrabyň «Gallaçy», «Azatlyk», Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliklerinde atçylygyň muşdaklary has hem köp. «Gallaçy» geňeşliginden Kakabaý, Parahat Işangulyýewler, Jokgabaý Gutlyýew, Täçmyrat Nepesow, Sapa Hojamberdiýew, Ödek Ödekow, Maksat Begmyradow, Rejepbaý Uzakbaýew; «Azatlyk» geňeşliginden Sapargeldi Bajanow, Öre Tekäýew; Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginden Myrat Mämiýew, Ýollymyrat Çalyýew, Meret Amanow bu ugurda adygan seýislerdir. Olar bedew atlary seýisläp, ýaryşlara gatnaşmak, hojalygynda tohum atlary saklap, bedew atlary köpeltmek ýaly işler bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Olaryň seýislän ajaýyp bedewleri etrabyň çäginde, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde ilkinji gezek giňden bellenilýän günlerinde etrapda tohum atlaryň nesli bolan taýlaryň 10-a golaýy doguldy.

Etrabyň seýisleri özlerine zähmet çekmäge, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşmaga döredip berýän giň şertleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar.

Aýjemal Ussaýewa, TDP-niň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni

“Watan” gazeti

25.04.2021 ý

 

tags: