Belent maksatlar dabaralanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýandygy, kepillendirýändigi hemmelere mälimdir. Bu konstitusion kadalar adam hukuklary baradaky umumy ykrar edilen halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Halkara hukugynyň deňhukukly agzasy hökmünde döwletimiz umumy ykrar edilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyň berk hukuk binýadyny döretdi. Türkmenistan adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegi üçin adam hukuklary çygryndaky birnäçe halkara konwensiýalaryny tassyklady.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygy barasynda aýdylýar. Degişli düzgünler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda we Bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakyndaky Jarnamada hem beýan edildi. Şu resminamalarda Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulýandygy, şeýle hem adamyň we raýatyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukugynyň kadalarynda beýan edilen esasy hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň ykrar edilmelidigi we olara sarpa goýulmalydygy nygtalyp geçilýär.

«Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi adamyň raýatlyga bolan hukugynyň üpjün edilmegi ýurduň hukuk edebiýatynda raýatlyga bolan hukuk boýunça halkara hukuk kadalarynyň ornaşdyrylmagynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezdi. Kanunda ýurdumyzyň raýatlygynyň ýörelgeleri hem-de raýatlyk bilen bagly gatnaşyklary kadalaşdyrýan düzgünler kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy ösüş-özgerişlere beslenmek bilen, Bitarap ýurdumyz häzirki wagtda sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly belent maksatlarynyň dabaralanmagy halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Bularyň ählisi döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň ýokary netijesidir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň dünýäde ykrar edilmegine ýardam edýär. Halkyň öz ösüşini milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşyklylykda amala aşyrmagy, döwletiň raýatlarymyzy hemmetaraplaýyn goldaw-gorag bilen gurşamagy Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ulgamlaýyn binýadyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

17.05.2022 ý

 

tags: