BELENT MAKSATLAR MYRAT TAPÝAR

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär. Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar.

Berkarar ýurdumyzda senagat, oba hojalyk pudaklaryny ösdürmäge, telekeçiligi mundan beýläk-de goldamaga, maliýe ulgamyny ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hem milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň martynda mähriban Arkadagymyzyň Aşgabat şäherini ösdürmegiň täze tapgyrlarynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde durmuş maksatly taslamalar, tutuş şäherçäniň gurluşygyny öz içine aljak edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalar, şeýle hem, gurulmagy meýilleşdirilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we awtomobil duralgalarynyň gurulmagy Aşgabadyň görküne görk goşjak, şan-şöhratyny dünýä ýaýjak gurluşyklar bolar.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegi hem 2019-njy ýylyň möhüm wakasy boldy.

Milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyz möhüm duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muny eziz Diýarymyzda ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy, sebitde durnukly ösüşi hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň berkemegine itergi beren Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň abraýynyň belende galmagyna, arassa ganly tohum atlaryň saklanmagyna we giňden wagyz edilmegine gönükdirilen halkara maslahatlar muny doly tassyklaýar.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda paýtagtymyzda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm meselelere garaldy. Bu taryhy maslahatda seredilen möhüm meseleleriň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek we şunuň bilen baglanyşykly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly boldy. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän täze goşmaçalar we üýtgetmeler döwletimiziň hukuk ulgamyny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berer we ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim bolar. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň geçirilen mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, beren gymmatly maslahatlary, parasatly pikirleri ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly işde bize aýdyň ýolgörkeziji bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem-de bütin dünýäde daşky gurşawyň aýawly saklanylmagyna we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly iň bir ähmiýetli meseleleri häzirki döwrüň ählumumy, möhüm wezipeleriniň hatarynda goýdy. Ýurdumyz BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar, olardan gelip çykýan halkara borçlaryny doly ýerine ýetirýär.

Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi daşky gurşawy goramakda, suwy rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem ýokary derejede guramaga borçlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleri, ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleri, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky edýän tagallalary, ensiklopedik we ylmy eserleri bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Muňa mysal hökmünde alym Arkadagymyza Ýaponiýanyň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hirosaki uniwersitetiniň «Hormatly doktory», Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň «Hormatly akademigi» diýen belent atlaryň dakylmagyny buýsanç bilen aýtmak bolar. Bu günki gün mähriban Arkadagymyzyň döwet galamynyň astyndan çykan paýhasa ýugrulan kitaplary Ýer ýüzünde giňden meşhurdyr.

Umuman, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar halky milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara abraýy has-da artýar, onuň üçin bagtyýar türkmen halky Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Pena AŞYROW,

TDP-niň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine