BELENT MAKSATLARY NAZARLAP

Biz şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şu nukdaýnazardan, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bar. Milli Liderimiz ýylyň şygaryny: «Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu sözler watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady-kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir» diýip häsiýetlendirýär.

Bitaraplygymyz biziň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerimiziň, geljekki ösüşlerimiziň esasydyr, içeri we daşary syýasatda ýol-ýörelgedir. Ýurdumyzyň bu günki batly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we ylma esaslanýan syýasaty bilen bagly. Milletiň asyl ýörelgelerine esaslanyp, döwrüň öňe çykaran meseleleri oňyn çözülen halatynda döwrebap gymmatlyklar işlenip düzülýär. Munuň özi ýurdy döwrebaplaşdyrmaga esas bolup çykyş edýär. Eger ýurtda bolup geçýän özgerişlere ser salynsa, döwrebaplaşmagyň netijeli görnüşini kepillendirýän industrial ösüşe häsiýetli bolan gymmatlyklaryň jemgyýetde giňişleýin ýüze çykýandygy açyk-aýdyň görünýär.

Ýurduň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagy — düýpli, köptaraply hadysa. Ol ykdysadyýetiň görnüşiniň we düzüminiň üýtgemegi, jemgyýetiň industrial häsiýete eýe bolmagy, ýurduň şäherleşmegi, halkyň döredijilik we gurujylyk ukybynyň ýokarlanmagy, milli medeni mirasa eýerip, innowasion çözgütleri tapmaga we amal etmäge ukyply, başarjaň, Watany özgerdiji nesliň kemala gelmegi we beýleki özgerişleri göz öňünde tutýar. Şolaryň amal bolmagy bilen, geljekki ösüşlere täze mümkinçilikler açylýar. Ýurduň ykdysady kuwwatlylygy ýokarlanýar.

2008 — 2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önümi 2,5 esse artdy. Munuň özi türkmen jemgyýetiniň senagatlaşmagyna täze esaslary döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyla çenli we şondan soňky döwürde jemi içerki önümiň ýyllyk ösüş depgininiň 8,2 göterimden pes bolmadyk derejesini gazanmak göz öňünde tutulýar. Bu, öz gezeginde, çig mal däl pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak we olaryň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak, ähli ugurlarda hünär taýýarlygy ýokary bolan işgärleri we goşmaça maýa goýumlary mümkin boldugyça köp çekmek arkaly ykdysadyýetimizi has kämilleşdirmäge ýardam berer. Bu syýasatyň maksady ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň iň täze gazananlaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti önümçilige we durmuşyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak arkaly, önümçiligi dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirmekden ybaratdyr. Ahyrky netijede, senagat babatdaky syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen adamlaryň işlemegi we bolelin ýaşamagy üçin zerur şertler giňeýär. Milli Liderimiz ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini depginli artdyrmak arkaly onuň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyny gazanýar.

Gadymy türkmen topragynda demokratik döwlet, raýat jemgyýeti gurulýar. Özi hem şu hili özgeriş halkymyzyň asyl demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär. Taryhyň uzak döwründe ýurtda wajyp meseleleri çözmekde giňden we netijeli ulanylan maslahatlar we geňeşler esasynda degerli çözgütleri tapmak ýörelgesi bu ýerde ýetilen uly dereje bolup durýar. Biziň ýurdumyzda geçirilýän konstitusion özgertmeler halkymyzyň şu ýörelgesini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen sazlaşdyryp, jemgyýetiň demokratik ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilýär. Demokratiýa, ilki bilen, syýasy köpdürlüligiň şertlerinde jemgyýetdäki sosial toparlaryň bähbitlerini doly we dogry aňladyp, sazlap bilýän döwletiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bolmagy bilen baglydyr. Bu ýerde syýasy köpdürlüligiň biziň şertlerimizde bitewüligi göz öňünde tutýandygyny bellemeli. Diýmek, syýasy köpdürlülik sosial jebislik bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda kemala geljek iki palataly parlament jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini syýasatda aňlatmagyň wajyp guraly bolup çykyş eder. Hormatly Prezidentimiz şu meseläniň wajyplygyna ünsi çekip: «Hil taýdan täze iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer» diýip belleýär.

Jemgyýetimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, hakykatdan hem, jemgyýetde demokratik kämilleşme ugrundaky öňe ädilýän ädimleriň has ynamlylyga eýe bolup, kanun çykaryjy häkimiýetiň işini hil taýdan täze derejä çykarmaga doly esas döredýär. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamyny kämilleşdirmek bolsa, öz gezeginde, biziň döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanan we gazanýan üstünliklerini berkitmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bu babatda anyk mysallar kän.

Şu ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen COVID-19 koronawirus keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler barada maglumatyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi we resmi dillerde neşir edilip, ýaýradylmagy milli Liderimize guwanjymyzy artdyrýan buýsançly waka boldy.

Dünýäni howsala salan bu ýokanç kesele garşy göreşdäki üstünlik ýurt Ýolbaşçysynyň turuwbaşdan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmagy we oýlanyşykly öňüni alyş çäreleriniň netijeliligi bilen gazanyldy. Özi hem bu ýerde gazanylan netijeler hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak ugrunda alyp barýan köptaraply we netijeli syýasatynyň näderejede täsirlidigini görkezýär. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesine daýanyp, adamy mertebelemek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen bagly köptaraply işleri — adamlaryň öz saglygy, iýmitlenmegi bilen aladalanmagyny, sport bilen meşgullanmagyny, dynç almagyny, arassa ýaşaýyş ýörelgelerini, ýaramaz endiklere garşy durmagyny we beýlekileri öz içine alýar.

Biz ýaňy-ýakynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölüň kenaryndaky paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin niýetlenen, ähli amatlyklary özünde jemleýän dynç alyş zolagynyň ilkinji desgalarynyň açylyş dabarasynda bu ugurda edilýän tagallalaryň berýän hasylynyň şaýady bolduk. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen çärede dynç alyş zolagyny döretmek bilen baglanyşykly ilkinji ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, bu ýerde geljekde edilmeli işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkidip, dynç alyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda uludan-uly tagallalar edilýär. Täze şypahanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde ýerleşen kölüň kenarynda döwrebap dynç alyş zolagyny döretmek bilen baglanyşykly başlanan işler paýtagt şäherimiziň dynç alyş düzümini baýlaşdyrýar. Munuň özi milli Liderimiziň durmuş goragly syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň ýene bir subutnamasy bolar.

Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň türkmen ýurduny özgertmek syýasaty ähli ugurlarda öz ajaýyp miwesini berýär. Häzirki ýiti ýokanç kesel sebäpli halkara gatnaşyklarda dörän çylşyrymly ýagdaýda hem bu syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini saklanyp gelýär. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijesi boýunça jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürijiligi 4,4 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,5 göterim artdy. Halkyň gurujylyk, döredijilik ukyby ýokarlanýar.

Döredijilikli zähmetiň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygynyň önümçilik kuwwatynyň artýandygy hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda welaýatlara iş saparlarynda daýhanlarymyz, kärendeçilerimiz, mehanizatorlar bilen geçiren duşuşyklarynda we söhbetdeşlikleriniň dowamynda açyk-aýdyň göründi. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde edilen we edilýän işler bilen tanşyp, halal zähmet çekýän, topraga daýhan yhlasyny, söýgüsini siňdirýän adamlaryň döwlet tapýandygyny, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine mynasyp goşant goşýandyklaryny kanagatlandyrmak bilen belledi. Hakykatdan hem, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti rysgal-döwletiň gözbaşy bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär.

Biziň ata-babalarymyz kuwwatly döwletleri döredip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinip, halklaryň özara gatnaşyklarynyň medeniýetini döreden bolsalar, soňra öz durmuşynyň kyn, galagoply döwürlerinde dartgynly meseleleri gepleşikleriň, parahatçylykly ýollaryň üsti bilen çözmäge gözügipdirler we netijede, bitaraplyk ýol-ýörelgelerini kemala getiripdirler. Bu gün türkmen döwletiniň şol ýörelgelere esaslanyp alyp barýan bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilýär.

Çärýek asyryň dowamynda hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda bitiren we bitirýän işleri halkymyzyň hem, adamzadyň hem bähbitlerini göz öňünde tutýar. Bu ugurda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda we onuň çäginden daşarda köp sanly çäreler geçirilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi esasynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ugrunda edýän ýadawsyz tagallalarynyň has-da işjeňleşendigini bellemeli. Hemişelik Bitaraplyk adamzadyň geljekki parahatçylykly we abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir.

Şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara foruma dünýäniň 42 ýurdundan 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýanyň ýokary wezipeli wekilleriniň 300-den gowragy gatnaşdy. Ol ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan iri we täsirli wakalaryň biri boldy. Forum hormatly Prezidentimiziň dünýäde alyp barýan energetika diplomatiýasynyň ýörelgeleri hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygy özünde jemläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde uly täsirlilige eýe bolýandygyny görkezdi.

Umuman, milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr». Şeýle taglymat adamzadyň geljekki ösüşiniň ýol-ýörelgesidir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen gününi, ýagny 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi biziň Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýynyň, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň saldamly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer işleriniň has erjel amal ediljek ýylynyň ahyrynda, ýagny 12-nji dekabrda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre Bitarap Türkmenistanyň, milli Liderimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrar, onuň halkymyzyň we adamzadyň geljekki ösüşine etjek täsiriniň artmagyna täze esaslary kemala getirer. Bu bolsa Bitaraplyk ýolumyzyň geljege gönügýändigini görkezýär. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etdi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen halkynyň öz taryhynyň dowamynda döreden gatnaşyklar medeniýetini täze şertlerde döretjekdigine we adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge öz saldamly goşandyny goşjakdygyna bolan ynamy bilen bagly.

Bu ynam — halkymyzyň gurujylyk, döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyna bolan ynam. Bu ynam — dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga bolan ynam. Munuň özi milli Liderimiziň özgerdijilik syýasatynyň, bir tarapdan, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyryp, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine we özgerişlerine ynamyna, ikinji tarapdan, dünýäde özara gatnaşyklaryň täze medeniýetini döredip, adamzady parahatçylykly ýaşaýşa we gaýragoýulmasyz meseleleri bilelikde çözmäge ynanjy has-da berkitmäge alyp barýandygyny görkezýär. Diýmek, hormatly Prezidentimiziň täzeleniş syýasaty türkmen halkynyň we adamzadyň asuda we ynamly ýaşaýşynyň binýadydyr.

Ýaňy-ýakynda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň we bu iri halkara bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ýene bir täze möhüm sahypany açýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli bähbitleri we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek wezipelerine laýyk gelýän köpugurly diplomatiýasynyň dünýä giňişliginde goldaw tapýandygynyň, ýurduň abraý-mertebesiniň täze belentliklere galýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory. TDP-niň agzasy.

“Türkmenistan” gazeti.

 

tags: