Belent maksatly ýollarda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy günlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmegine 30 ýyl doldy. Hormatly Prezidentimiziň şu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna Gutlagy ählimiziň şatlygymyzy goşalandyryp, watançylyk ruhumyzy has belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürmekde, giň gerimli özgertmeleri dowam etmekde we ajaýyp işleri amala aşyrmakda, jemgyýetimizde raýat bitewüligini pugtalandyrmakda syýasy partiýalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekillerine uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň belent ynamy, öňde goýýan wezipeleri biz — partiýa işgärlerini netijeli işlere ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, täsirini artdyrmak, bu ugurda syýasy-jemgyýetçilik ulgamlary bilen arkalaşykly işlemek, şeýle-de wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilata giňden düşündirmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde bu gün her birimiz yhlas bilen zähmet çekýäris. Ýerlerde guraýan wagyz-nesihat işlerimizde milli Liderimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini ildeşlerimize düşündirýäris, işjeň wagyz-nesihat edýäris. Wagyz-nesihat işlerimizde Prezident maksatnamasyna we beýleki pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, welaýatymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýratyn durup geçýäris.

Soňky sanlyja ýylyň dowamynda welaýatymyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda senagat, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda asyrlara barabar işleriň ýerine ýetirilendigini hem-de agzalan ugurlarda belent sepgitlere ýetilendigini guwanç bilen bellemelidiris. Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, Kaka we Babadaýhan etraplarynda iri dokma toplumlarynyň gurulmagy, welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynda Bereketli zaman şäherçesiniň, Gökdepe etrabynda Aba Annaýew, Täze eýýam obalarynyň gurulmagy, häzirki wagtda bolsa, welaýatymyzyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşygynyň, Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda döwrebap obalaryň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylmagy hem agzalmaga mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň her birimiziň bagtyýar durmuşymyz ugrunda edýän bimöçber aladalaryny her bir ädimimizde duýmak juda buýsançlydyr. Obadyr şäherçelerimiziň özgerýän keşbi, ilatly ýerlerde yzygiderli gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalar, döredilýän ýokary amatlykly iş we durmuş şertleri hem şeýle aladalaryň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzyň çäginde döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, medeniýet öýleridir merkezleriniň, sport mekdepleridir toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap ýyladyşhanalaryň hem onlarçasy gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem welaýatymyzda durmuş ugurly desgalaryň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu zatlar ildeşlerimiziň durmuş üpjünliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Şoňa görä-de, wagyz-nesihat işlerimiziň barşynda bu ugurdaky işleriň ähmiýetini ildeşlerimize baý many-mazmuny bilen düşündirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, durmuşa geçirýän beýik maksatly işleri berkarar döwletimiziň geljegini aýdyň kesgitlemek bilen, halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Biz — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda gazanýan üstünliklerini, berkarar Watanymyzyň ösüşli gadamlaryny, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitlerini ilata düşündirmekde mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe röwşen geljegimiziň şanyna beýik işleri durmuşa geçirýändigi, ata Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

17.12.2021 ý

 

tags: