Alymlaryň tassyklamagyna görä, türkmen halky irki we orta asyrlarda dünýä möçberli taryhy wakalaryň jümmüşinde bolupdyr. Köp ýurtlar, milletler, medeniýetler bilen ýygy aragatnaşyk saklapdyr. Ýöne ylmy çeşmelerde halkymyzyň özge halklar, medeniýetler bilen gatnaşyklara elmydama seresap çemeleşendigi, täze kada-ýörelgeleri şol durşuna kabul etmän, milli dünýägaraýşa laýyklap, öz ruhy-ahlak, medeni-durmuş däp-düşünjelerine uýgunlaşdyrandygy barada nygtalýar. Munuň özi türkmen halkynyň ösen aňyndan, millet hökmünde asyrlaryň dowamynda kemala getiren türkmençilik ýolundan habar berýär. Bu pikirleriň örän dogrudygyny Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüş aýdyňlygy bilen görkezdi.
Halkyň taryhy milli ýoly bilen Garaşsyzlyk döwrüniň ösüş syýasatynyň aýrylmaz baglanyşygy aýdyň ýüze çykdy. Täzeleniş we ösüş halkyň kalbyndan, aňyndan geçmelidir. Döwlet syýasaty milli ruh bilen sazlaşykly bolmalydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň berkararlyk ýolunyň berk çelgisi bolan bu kesgitli pikirler türkmeniň ösüş ýolunyň aýratyn çemeleşmesi hökmünde wagtyň, döwrüň synagyndan üstünlikli geçdi we milletler bileleşiginde ykrar edilen döwletlilik tejribesi hökmünde taryhymyzyň altyn sahypasynda orun aldy.
Elbetde, ösüşiň özboluşly milli ýoluny täze döwrüň talaplaryna görä kemala getirmekde köp tagallalaryň gerekdigi, halkyň milli mirasynyň hem-de taryhy ýolunyň ägirt uly nusgalyk tejribesiniň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Türkmenler bolsa yklymlarda berkarar eden beýik döwletleriniň çuň köklerini uzak asyrlarda ýitirmän saklap gelendir. Şol köklere daýanmak, milli mirasyň baý ruhy we maddy gymmatlyklaryny döwrüň belentligine çykarmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletliligiň ajaýyp, döwrebap ýol-ýörelgesini kemala getirdi.
Çylşyrymly bolsa-da, häzirki döwrüň dünýä ösüşleri adamzadyň durmuşynda köp täsinlikleri döredýändigi bilen aýratyn özüne çekijidir we gyzyklydyr. Ol diňe ylmy-tehnologik ösüşleriň döredýän mümkinçiliklerinden başga-da, adamzadyň jemgyýetçilik aňynda, ruhy-durmuş ýörelgelerinde ýüze çykýan üýtgeşik özgerişler bilen-de haýran galdyrýar. Tehnologiýa, ykdysadyýet babatda ýokary derejede ösen, ýaşaýyş şertleri boýunça görlüp-eşidilmedik üstünliklere eýe bolan birnäçe ýurtda milli ruhy-medeni däpleri ýoýman saklamak, adat-dessurlara, ynanç-ygtykatlara gyşarnyksyz eýermek babatda ýokary tagallalar edilýär. Çünki millilik halk hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde öz ornuňy, umumadamzat ösüşinde tagallalary birleşdirmekde öz şahsy garaýyşlaryňy we maksatlaryňy ýitirmezligiň şertidir. Ösen döwürde munuň özi halkyň ruhy daýanjyny, millet hökmünde öz-özüne ynamyny pugtalandyrmak bilen bagly örän ynsanperwer çemeleşmedir. Milliligi ösdürmek baradaky syýasaty halkyň goldamagy, bu babatda işjeň çykyş etmegi döwlet üçin hem, jemgyýetçilik üçin hem bähbitlidir. Millilik jemgyýetde ylalaşygy we düşünişmegi kemala getirmegiň iň oňaýly serişdesidir. Ösüş halkyň aňy, dünýägaraýşy, ruhy bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda döwletiň alyp barýan aňyýet syýasaty durmuş-ykdysady ösüşlerde-de ýokary netijeleri gazanmagyň ruhlandyryjy güýji bolup öňe çykýar.
Dünýä ösüşi we umumadamzat gymmatlyklary barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle beýan edýär: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar. Olar bolsa biziň özboluşly medeniýetimizden, döreden milli gymmatlyklarymyzdan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar. Hut şonuň üçinem her bir halk üçin ösüş dünýäniň gymmatlyklaryny kemala getirmegiň usuly hökmünde öz milli gymmatlyklaryny we paýhasyny, aňyýetini kämilleşdirmäge ymtylmagyndan başlanýar. Şular barada söz açmak bilen, taryhyň dowamynda ýurdumyzyň çäginde dürli ösüşleriň we medeniýetleriň gülläp ösen döwürleriniň hut şol ýagdaýa itergi berendigini bellemek isleýärin».
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz her bir halkyň dünýä bagyş eden gymmatlygynyň geljek üçin döredijiligiň we paýhasyň ygtybarly sütüni bolup durýandygyny belleýär. Şeýlelikde, döwletiň, jemgyýetiň medeni-aňyýet ulgamy ýurduň umumy ösüşiniň aýrylmaz hem möhüm bölegi bolmak bilen, halkyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmagyň esasy çeşmesine öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň häzirki zaman gymmatlyklaryny dörediji beýik şahsyýet hökmünde mirasymyzyň we taryhymyzyň dünýä derejeli ähmiýetini açyp görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen durmuşyna degişli ähli ugurlar barada ylmy-çeper pikirler, anyk delillendirilen maglumatlar beýan edilýär, häzirki zaman ösüşinde olaryň möhüm orny açylyp görkezilýär. Döwür, durmuş bu pikir-garaýyşlaryň, seljermeler arkaly ýüze çykarylan netijeleriň iňňän dogrudygyny äşgär görkezdi. Milli Liderimiz halklaryň milli medeniýetleriniň arasyndaky umumylyklar bilen birlikde, özboluşly aýratynlyklary hem seljerip, dünýä syýasatynda, döwletara, halkara gatnaşyklarda bu meselelere ünsli hem paýhasly garamagyň zerurdygyny Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň mysalynda dünýä jemgyýetçiligine ýetirýär.
Parahatçylyga ymtylyş, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Bu gatnaşyklara her bir halkyň medeniýetinde uly üns berilýär. Her halkyň milli duýgularyna düşünmek bilen çemeleşmek ählumumy ylalaşygy gazanmagyň ilkinji hem esasy şertidir.
Her bir halkyň ruhy-ahlak düşünjeleri, durmuş ýol-ýörelgeleri, diňe döwletiň içerki syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda däl-de, döwletara, halkara gatnaşyklarda-da çynlakaý üns berilmeli meseledir. Dünýäde parahatçylygyň, ählumumy ösüşiň rowaçlanmagynda her bir halkyň milli ruhy esaslarynyň ykrar edilmeginiň, olara hormat goýulmagynyň möhümdigini ählumumy syýasatyň häzirki zaman ýagdaýy aýdyň görkezýär. Käbir ýerlerde onlarça ýyl syýasy, medeni, hatda harby taýdan güýçli täsir edilmegine garamazdan, her bir halkyň müňýyllyklarda kemala getiren milli ýoluny özgertmegiň, üýtgetmegiň başartmaýandygyny häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň tejribesi subut edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä taryhynyň öwrülişikli pursatlarynda çylşyrymly syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň çäklerinde öz milli ýoluny berk tutup, ynamly öňe gitmeginde, halkara giňişlikde mynasyp orun eýelemeginde, milletler bileleşiginde ykrar edilen ösüş ýolunyň üstünliklere beslenmeginde halkyň özboluşlylygyna daýanmagyň aýratyn ähmiýetini tekrarlamak zerurdyr. Bu babatda örän çeýe we paýhasly döwlet syýasaty ýöredildi. Şöhratly taryhymyz, baý milli mirasymyz halkyň döredijilik güýjüni galkyndyrmak, ony beýgeltmek üçin gymmaty egsilmeýän ruhy hazynadyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden maddy, medeni, ruhy gymmatlyklarynyň öwrenilmegi we wagyz edilmegi diňe beýik geçmişe daýanyp hereket etmek däl-de, eýsem, döwrüň belentliklerine ýetmekde häzirki we geljekki nesilleriň öz güýjüne, paýhasyna ynamyny pugtalandyrmak üçin hem zerurdyr.
Halkyň taryhy ornuny, mertebesini kesgitlemek babatda, ilkinji nobatda, syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ugurlarda üstünlik gazanmak zerur boldy, soňra milli medeniýetimiziň ähli gymmatlyklary, dünýä derejeli ähmiýeti, asyrlara ýaň salýan paýhas güýji halkara giňişlikde pugta orun almagyň serişdesine öwrüldi. Munuň özi, türkmen halkynyň, soňra beýleki hyzmatdaş halklaryň hem jemgyýetçilik durmuşyny sazlaşdyrmak bilen birlikde, döwletliligiň berk binýatlaryny kemala getirmäge ýardam berýän täsirli güýç bolup orta çykdy.
Her bir ýurduň, halkyň gündelik durmuşynda eýerýän, goldanýan gymmatlyklary bar. Şol gymmatlyklar jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir, halkyň özüne laýyk mizemez derejede döreden üýtgewsiz tutýan ýoludyr. Ýurdumyzyň döwlet syýasatyna-da, jemgyýetçilik pikirine-de özgeleriň eýerýän gymmatlyklaryny inkär etmek mahsus däldir. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoludyr, halkymyzyň milli häsiýetiniň örän ähmiýetli aýratynlygydyr. Şonuň bilen birlikde, türkmen halky öz milli ýolunyň ykrar edilmegini goňşuçylyk we halkara gatnaşyklaryň esasy şerti hasaplaýar.
Gahryman Arkadagymyz milli aňyýetiň ähli aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynyň gymmatlyklaryny döretmegi we baýlaşdyrmagy, dünýäde ykrar etdirmegi başardy. Asylly kada-ýörelgelerimiziň esasynda döwletimiziň döwrebap syýasy-jemgyýetçilik, hukuk, durmuş, ruhy-ahlak gymmatlyklary döredi. Ol gymmatlyklar halkyň aňyna ornaşdy, döwrüň synagyndan geçdi. Şoňa görä-de, bu gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüş maksatnamalarynyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlarynyň many-mazmunynda mynasyp orun eýeleýär. Döwletimiz halkyň milli medeniýetini dürli çäreler arkaly beýgeldýär, dabaralandyrýar. Beýik şahsyýetlerimiziň paýhas mirasyna sarpa goýulýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi, milli medeniýetimiziň egsilmez genji-hazynasy türkmen ruhunyň daýanjyna öwrülýär. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni türkmeniň belent döredijilik ruhunyň, egsilmez paýhasynyň, beýik döwrümiziň baýramydyr. Bu baýram milletimiziň ykrar edilen milli döwletlilik ýoluny dabaralandyrýan, şan-şöhrata besleýän baýramdyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip belleýär. Täze eýýamyň ösen talaplaryny ödemäge, beýik ösüşler zamanasynda halkymyzyň ruhy daýanjy bolmaga ukyply milli medeniýetimiziň ähmiýeti we kuwwatly terbiýeçilik güýji parahat durmuşymyzyň, ajaýyp ösüşlerimiziň mizemez sütünidir. Halkyň beýik sungatynyň, ösen medeniýetiniň gymmatyna ýürekden düşünýän we öz zehin-başarnyklary bilen milli gymmatlyklarymyzyň hazynasyny döretmäge goşant goşýan nesiller kemala geldi. Milli medeniýetiň zehinli, ussat wekillerini kemala getirmek, olary goldamak barada ýurdumyzda ýola goýlan işlere halkymyz buýsanýar.
Medeniýetiň we sungatyň ornuny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Medeniýet durmuşymyzy ahlak hem gözellik bilen baýlaşdyrýan, birleşdiriji, ruhlandyryjy güýçdür. Tehnologik ösüşler eýýamynda ruhy gymmatlyklar öz gymmatyny asla ýitirýän däldir, gaýtam, bu gymmatlyklar, halkymyzyň we adamzadyň taryhynda hemişe bolşy ýaly, bu gün hem iň ýokary gymmatlyklaryň hatarynda, belki-de, iň ýokary gymmatlyk bolup durýar».
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
23.06.2022ý