BELENT SEPGITLER

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletli çözgütleriniň hatarynda «Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň, kabul edilen çözgütleriň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan Konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we il sylagly ýaşulylaryň gatnaşmagynda guralýan duşuşyklardyr dabaraly çäreler etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerinde ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýär. Olarda çykyş edýänler ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ähli halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzy rowaçlygyň röwşen ýolundan batly gadamlar bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlary aýdýarlar.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

tags: