BELENT SEPGITLERE RUHLANDYRÝAR

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we onuň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň, olaryň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekleriniň zerurdygyny aýratyn nygtap geçdi. Şundan ugur alyp, milli Liderimiziň öwredişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, bu ähli türkmen buýsanjyna öwrülen senäniň ähmiýetini, many-mazmunyny, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan beýik iş;eri dürli çäreler bilen birlikde, innawasion tehnikalar ulanmak arkaly giňden wagyz etmek biziň baş wezipämiz, mukaddes borjumyz bolup durýar. Bu möhüm iş, tutuş ýurtda bolşy ýaly, biziň Balkan welaýatymyzda hem “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinden giň gerim bilen alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, parasatly döwlet Baştutanymyzyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda  Balkan welaýaty aýratyn möhüm orny eýeleýär. Çünki bu sebit howa we tebigy aýratynlyklary, ulag-geografik ýerleşişi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpugurly ýataklary, olary senagat taýdan özleşdirmäge bolan amatlyklar, şypahana dynç alşyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Aslynda hem biziň welaýatymyz eziz Diýarymyzyň senagat taýdan has ösen sebiti bolup durýar. Bu bolsa, öz gezeginde, welaýatyň senagat önümleriniň eksportyny ýylsaýyn hasam artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Halkara deňiz porty, Gyýanlydaky gaz-himiýa toplumy, Garabogazdaky karbamid zawody, Serdar şäherindäki “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlat jemgyýeti, çeper halyçylyk kärhanasy, Bereketdäki demir ýol DEPO-sy, ýod önümçiligi kärhanasy, tikin, haly fabrikleri, Balkanabatdaky “Batly gadam” hususy kärhanasy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik düzümleri, Jebel şäherçesindäki bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumy, oba hojalyk önümlerini öndürýän, olary gaýtadan işleýän düzümler, döwrebap ýyladyşhanalar we köp sanly beýleki önümçilik pudaklary Günbatar sebitiň, hakykatdan hem, has köp senagatlaşan künjekdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejesine ýetirmek wezipesi bolsa hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugry bolup durýar. Dünýä nusgalyk şeýle ynsanperwer syýasatyň barha we barha rowaçlanýan ýurdunda ýaşap, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň hözürini görýän welaýatymyzyň ýaşaýjylary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ählihalk baýramyna ynamly gadam urulýan şu günlerde halal we döredijilikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp ösüşleri gazanmagy başarýarlar.

Şu ýerde sebitde buýsanç bilen arka atylan “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda gazanylýan üstünlikleriň üstümizdäki “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda nazarlaýan belent sepgitlerimize ynamly badalga bolandygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Has takygy, gürrüňi edilýän geçen ýylda welaýatda jemi öndürilen senagat önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 14 milliard manatlykdan hem köp boldy. Bu görkezijiniň deň ýaryna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyna düşýär. Bölekleýin söwdanyň haryt dolanyşygyndaky ösüş depgini bolsa 118 göterime golaýlady. Munuň özi sebitde adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär. 2020-nji ýylda welaýatymyzda öndürülen toguň umumy möçberi 3 milliard 719 müň kilowat-sagada barabar bolup, önümçiligiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek baradaky geçen ýylyň awgustynda kabul eden taryhy Kararynyň durmuşa geçirilmegi bilen bu görkezijiler ýakyn wagtlarda has hem artar. Welaýatda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny düýpli  ösüşlere beslemek üçin hem aýratyn tagallalar edilýär. Sebitiň himiýaçylary hem gürrüňi edilýän ýylda tehniki ýody hemem tehniki uglerody taýýarlamakda tagallaly zähmet çekdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze önümhana eýe bolan “Guwlyduz” kombinatynda mukaddes önüm bolan duzuň 93 müň tonnasyny gazyp almak baradaky ýyllyk meýilnama has artygy bilen berjaý edildi. “Garabogazkarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyna çykarylmagy netijesinde geçen ýyl mineral dökünleri öndürmek babatynda gazanylan ösüş deňgini bolsa iki ýarym essä golaý ýokarlandy.    

Geçen ýylyň şöhratly ýyl ýazgysyna nazar aýlanyňda, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran  mübärek iş saparlary, diňe bir Günbatar sebit üçin däl, eýsem tutuş ýurdumyz üçin hem aýratyn taryhy pursatlar boldy. 2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Hazar deňziniň nurana kenaryndaky künjekde ýerleşýän “Awaza” kongresler merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi eziz Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň ýaşaýjylarynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň 2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Bereket etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanyna gelip, onuň işleri bilen gyzyklanmagy, şeýle hem şu  etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygyna baryp, döwrüň talaplaryna laýyk gurlan önümçilik desgalary bilen içgin  tanyşmagy, bu ýerde  ýerine ýetirilýän il-ýurt bähbitli işlere ýokary baha bermegi hem bize bu söhbetimizi buýsanç bilen dowam etdirmäge giň mümkinçilik açýar.  Şol ýylyň sentýabr aýynyň 9-na döwlet Baştutanymyzyň  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga beren pursady bolsa, ähli balkanlylaryň buýsançlaryna buýsanç goşdy. Noýabr aýynyň 25-nde hormatly Prezidentimiziň Balkanabatdaky täze gurlan welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bolsa, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ýyl ýazgysynda özüne baky öçmejek orun tapdy.                         

Geçen ýylyň güýz paslynda Balkanabat şäherinde ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, işe girizilen  döwrebap ýyladyşhana Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek baradaky giň gerimli aladalarynyň ajaýyp miweleriniň birine öwrüldi. Umumy tutýan meýdany 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana birbada täze iş orunlarynyň altmyşa golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýerde ýetişdirilýän pomidor hasyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň noýabr aýynyň soňky günlerinden bäri ak bazarlara çykarylýar. Bäsdeşlige ukyply bu önüme diňe bir içerki bazarlarlarymyzda däl, eýsem,  daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär. Türkmen telekeçisiniň ýetişdirýän pomidorlarynyň dekabr aýynyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasyna ugradylyp başlanmagy hem muňa doly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň  “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” kabul eden  Kararyna laýyklykda “Akgaýa” hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynda dünýä hil ülňülerine kybap guran täze kärhanasy Günbatar sebide telekeçiligiň ynamly ösdürilýändiginiň ýene bir gezek aýdyň güwäsidir. Dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu ýerde öndürilýän gurluşyk garyndy materiallary we gipskartonlary diňe bir içerki bazaryň müşderileri däl, eýsem Russiýa, Gazagystan, Owganystan ýaly döwletler hem uly isleg bilen satyn alýarlar. Täze karhananyň birbada adamlaryň kyrkdan gowragyny hemişelik iş orunlary bilen üpjün edendigi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin  2020-nji ýylda  her biri  36  hojalyga   niýetlenilip täze gurlan dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş  jaýlarynyň birbada altysynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem geçen ýylyň buýsançly wakalarynyň kerweninde özüne mynasyp orny tapdy.

Buýsançly söhbetimizi welaýatymyzda  gazanylýan ösüşlerden başlamagymyň öz sebäbi bar. Ol hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde işe başlan ilkinji gününden berlen söz bilen bitirilen işiň dünýä nusgalyk derejedäki bölünmez bir bitewiligini döredenligidir. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we ygtybarly ýöredýän “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer syýasaty hem bize bu beýik hakykaty şeýle uly ynam hem buýsanç bilen aýtmaga doly esas berýär. Şonuň üçinem, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, biziň partiýamyzyň işjeň agzalary, Gahryman Arkadagymyzyň  eziz Diýarymyzyň dünýäniň has kuwwatly döwletleriniň hataryna goşulmagy babatynda amala aşyrýan beýik işlerini welaýatymyzyň kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, ähli ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz etmekde gazanylýan bu üstünliklere buýsanç bilen ýüzlenýärler. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm ornuň degişlidigine aýdyň düşünmek bilen, milli Liderimiziň biziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp,  berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde  ukyp-başarnyklaryny gaýgyranoklar. Bu möhüm işde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarymyzyň 780-den gowragy hemişe maksadaokunly işleri alyp barýarlar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sany 27,5 müňden hem geçýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň Günbatar sebitdäki dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen hem çäklenmän, Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk abraý-mertebesini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen  “Türkmenistan  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň  has uly ösüşleriň ýyly boljakdygyna biz pugta ynanýarys.  Bu beýik ynamymyza Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatynda mübärek iş saparynda bolup, Akina – Andhoý (Owgahystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi,  Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli  halkara ulgamyň  işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmagy doly tassyknamadyr. 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan “Açyk gapylar” syýasatynyň barha rowaçlyklara beslenýändigini açykdan aýdyň görkezdi. Kabul edilen ylalaşyga laýyklykda “Dostluk” ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dostluk deňzi bolup durýandygyny aňladýar.

Berkarar döwletimiziň milli Lideriniň bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň aý ýa ýylsaýyn däl, eýsem günsaýyn täze belentliklere göterilýändigi buýsançly hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň üstaşyr ulag geçelgesi, Hazar deňziniň meseleleri,  Aral deňzini halas etmek ýaly birnäçe derwaýys  başlangyçlary  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan makullanylyp, bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Bu beýik hakykata berkarar döwletimiziň her bir raýaty bilen birlikde, biziň partiýamyzyň agzalary hem tüýs ýürekden buýsanýarlar. Türkmen Lideriniň 2021-nji ýyly bütin dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan giň goldaw tapyp, hakykat ýüzünde hereket edip başlady. Bu nurana ýylyň öz berkarar ýurdumyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen mübärek ada eýe bolmagy bolsa doly kanunalaýyklykdyr. Şu nurana ýylda welaýatymyzda täze gurulýan “Ak öý” binasy, hassahana, şeker zawody ýaly möhüm desgalar dabaraly ýagdaýda açylyp, işe giriziler.  Biz üstümizdäki ýylyň buýsançly şygaryny baýdak edinip, Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzda ähli ulgamlarda gazanylýan dünýä nusgalyk belent sepgitleri wagyz etmekde zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Bize geçmişi şöhratly, şu günleri berkarar hem bagtyýar, geljegi has nurana boljak mähriban Watanymyza, bir Başa gulluk edýän merdana hem agzybir halkymyza söýgüdenem zyýada arassa duýgy bilen hyzmat etmäge, Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini aňly-düşünjeli, maksadaokgunly wagyz etmäge döredýän taýsyz mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli yzygiderli amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri baky rowaç bolsun!                                                                                                         

Bibiaýşa Saparowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

13.02.2021 ý  

 

tags: