Belent sepgitleri nazarlap

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň zawodlar toplumymyzdaky ilkinji partiýa guramasy hem öz gündelik işini hemişe hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna we sargytlaryna laýyk derejede alyp barmaga çalyşýar.

Guramamyzdaky partiýa agzalarynyň sany bu gün 500-den hem geçýär. Zawodlar toplumymyzda dürli kärlerde zähmet çekýänleriň sanynyň üç müňden gowrakdygyny nazarda tutsaň, ilkinji partiýa guramamyzyň kärhanamyzda uly güýç bolup durýandygy äşgär ýüze çykýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bu gün ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika ulgamynyň kerwenbaşysy hökmünde ykrar edilen kärhanadyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde tanalýan toplumymyzda nebit çig malyny gaýtadan işläp, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän harytlyk önümleri taýýarlaýan häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil desgalarydyr kuwwatlyklary gurlup, işe girizildi. Düýpli täzeleniş, döwrebaplaşdyryş işleri amala aşyryldy. Indi segsen ýyla golaý wagt bäri hereket edip gelýän kärhanamyzda katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň desgalary, ýokary oktanly benzini, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän desgalar, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde toplumymyzda taýýarlanylýan önümler «Altyn globus» halkara baýragyna (Amsterdam, Niderlandlar), «Astekleriň ýyldyzyna» (Mehiko, Meksika), «Hil üçin halkara altyn ýyldyzyna» (Ženewa, Şweýsariýa), «Täze müňýyllygyň baýragy» atly iň oňat söwda nyşany üçin baýraga (Pariž, Fransiýa), Söwda liderleriniň halkara klubunyň «Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň baýragy» atly hormatly diplomyna (Ženewa, Şweýsariýa), «Hil üçin halkara baýragyna» (Nýu-Ýork, ABŞ), mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gazturbinalary gurmak we elektrik bekedeniň durkuny täzelemek hakyndaky» taryhy Karara gol çekmegi hem-de dabaraly ýagdaýda badalga bermegi bilen gurluşygyna girişilen täze elektrik stansiýasy bolsa zawodlar toplumymyzyň ýakyn wagtlarda has-da belent sepgitlere ýetmegine ýardam eder.

Täze elektrik stansiýasynda Ýewropa ýurtlarynda öndürilen, dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar oturdylar. Hut häzirki günlerde kärhanamyzda «Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin» Maksatnamasyna laýyklykda çig nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrmak we öndürilýän önümiň görnüşlerini köpeltmek üçin niýetlenilen tehnologik desgalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde amala aşyrmaly taslamalarymyz hem az däl. Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermegi bilen gurluşygyna başlanan täze elektrik stansiýamyz bize has ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berer. Çünki kuwwatly energetika ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösdürmegiň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň göz öňünde tutulan maksatnamasyna ýetmegiň möhüm şertini üpjün edýär.

Bahargül KÖMEKOWA

TDP-niň Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020 ý

tags: