BELENT SEPGITLERIŇ ÝYLY BOLAR

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledik. Halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Şeýle ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Bularyň özi biziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany.

Elbetde, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýokary derejedäki arzuwlar bilen ýüzlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny bellejek ýylymyzda-da şeýle üstünlikleriň boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerinde, esasy iki sany sütün bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz esasy orun tutýar.

2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da alnyp baryljak işleriň hem mukaddes Garaşsyzlygymyzy dabaralandyrmaga, şeýle-de, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine mundan beýläk-de ýaýmaga, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan maksatnamalaýyn özgertmeleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsir ýetirjek, uly üstünliklere beslenjek ýyllaryň biri boljakdygy hakykatdan hem görnüp dur. Elbetde, bu ýöne ýerden däl, sebäbi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň aýratyn öwüşgine eýedigini bellemelidiris. Sebäbi, hemmämize mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Bagtyýar halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Goý, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda güneşli Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda täze üstünliklere, belent sepgitlere eýe bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Muhammetnazar Täşliýew, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

21.01.2021 ý

 

tags: