BELENT ÜSTÜNLIKLERIŇ BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn özgerýän, ösýän eziz Diýarymyz bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. Täze döwre şan berýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar, halkyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulandyrylyp, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üpjün edilýär. Ata Watanymyz Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar.

Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň netijeli ulanylmagy, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagy beýik ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň düýp esasy bolup durýar. Ösüşleri hem-de üstünlikleri berkitmek babatda ýurdumyzda täze maksatly işlere uly badalga berilýär. Parahatçylygyň, adalatlylygyň we ynsanperwerligiň ýörelgelerine wepaly agzybir halkymyz maksada okgunlylyk hem-de tutanýerlilik bilen beýik geljegini gurýar, yhlasly zähmet çekip, ösüşiň täze belentliklerine tarap ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamalar giň gerimde durmuşa geçirilýär, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak depginli alnyp barylýar, kämil bazar ykdysadyýeti emele gelýär, ylmyň we tehnikanyň gazananlary giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini aýap saklamaga, onuň baýlyklaryny rejeli ulanmaga gönükdirilen taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegi berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini üpjün edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň birinji tapgyryny öz içine alýan «Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Ol ýurdumyzyň geljek ýyllardaky ösüşiniň ilkinji ýedi ýylynda durmuşa geçirilmeli wezipeleri beýan etmek bilen, döwletiň hem halkyň durmuş taýdan uly ösüşini gazanmaga uly mümkinçilikleri berjek möhüm resminamadygy bilen tutuş halkymyzyň buýsanjyna beslendi.

Günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri ylym-bilim ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ylym-bilime ähli rowaçlyklarymyzyň özeni, bagtyýar durmuşymyzyň hem-de ýagty geljegimiziň kepili hökmünde aýratyn orun degişlidir. Täze döwürde bu ulgamda has belent derejelere ýetilmegi, ýaşlaryň bilim babatda öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly açyp hem-de ulanyp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilimiň ösüşiniň hem-de ýaşlaryň kämilliginiň beýik geljegimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn nygtamak bilen: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip, belent maksatlaryny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy, bilim ulgamynda sanly konsepsiýanyň talaplarynyň durmuşa geçirilmegi, ýaşlara döwrebap bilim berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagy Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan maksatlarynyň doly derejede amala aşjakdygyna aýdyň güwä geçýär. Bu, elbetde, ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň şu günden gurulýandygyny, oňa belent maksatlar bilen ýetilýändigini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Şirinjemal Otuzowa, TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni

“Daşoguz habarlary” gazeti

28.07.2022 ý

 

tags: