BERKARAR DÖWLETDE BEÝIK ÖZGERTMELER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde ýurdumyz halkara giňişliginde batly depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde tanalýar. Bu gün Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşmagy bilen ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary ýurdumyzyň bu ugurdaky milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.

Berkarar döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, ýurdumyzda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetlerine esaslanýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alýan kanunlar kabul edilýär.

Konstitusiýa döwletiň Garaşsyzlygyny kepillendirýän Esasy Kanun bolup, ol Garaşsyz döwletiň hukuk gurluşyny, döwletiň iň esasy ugurlaryny, ykdysady, syýasy, hukuk ýörelgelerini kesgitleýär.

Türkmenistanda hukuk namalarynyň ähli derejeleri ýurduň Esasy Kanunyndan — Konstitusiýadan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, onda berkidilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär we Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we beýleki gaýry hukuk namalarynyň ýuridiki güýji ýokdur.

Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy baradaky hukuk kadasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary bilen utgaşyp, döwrüň aýdyň ýörelgesini kemala getirýär. Türkmenistan döwletimizde adamyň ömri, onuň saglygy, abadançylygy, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesi, umuman, her bir ynsana doglan pursadynda berilýän tebigy we mizemez hukuklaryň ählisi döwlet üçin hem, jemgyýet üçin hem iň ýokary gymmatlyk bolup durýar.

Türkmenistan adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz üpjün etmek we goramak maksady bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan jogapkärçilige doly düşünýär we halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna esaslanýar. Umumadamzat gymmatlyklary we ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri biziň milli kanunçylygymyzda has-da ileri tutulýar.

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat tutuş dünýä döwletleriniň nazaryny özüne çekýär. Çünki biziň ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez, şeýle-de içki asudalygy doly üpjün edip, bitaraplyk syýasatyny durnukly amala aşyrýan, halkara diplomatiýasyna netijeli goşant goşýan hem-de durmuşyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri gazanýan döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýeti, medeniýeti ösdürmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda ýokary derejä ýeten döwletimiziň binýadyny has-da berkitmek, adamlaryň hukuklarynyň mizemezligini we onuň geljegini kepillendirýän ynsanperwer konstitusion gurluşy döwrebaplaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň her biri doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlar, taryhy wakalar bilen ýatda galýar. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda hem Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary guramaçylyk derejesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi we ol forumda ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde dabaralanmasydyr. Bu geçirilen forum ýurdumyzda demokratiýanyň ýaýbaňlanýandygyny, raýat jemgyýetiniň berkarar edilýändigini alamatlandyrýan möhüm wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň umumymilli forumda Esasy Kanunymyzyň kämilleşdirilmegini dowam etmek maksady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekmegi hem-de 4-nji oktýabrda bu toparyň birinji mejlisiniň, 4-nji dekabrda ikinji mejlisiniň, üstümizdäki ýylyň 29-njy ýanwarynda bolsa üçünji mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu özgertmeler ýurdumyzyň Esasy Kanunyny has-da kämilleşdirmek, iki palataly parlament ulgamyna geçmek ýaly belent maksatlar bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň üçünji mejlisinde taryhy söz sözläp: «Garaşsyz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak biziň esasy maksadymyzdyr» diýmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmede «Döwlet adam üçindir!» diýen esasy ýörelgeden ugur alynýandygyny doly tassyklaýar.

Milli Liderimiziň öňe süren taryhy başlangyçlary esasynda dörediljek iki palataly parlament ulgamy ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň mundan beýläk-de giňelmegine ähli mümkinçilikleri döreder. Esasy Kanunymyza giriziljek goşmaçalar we üýtgetmeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini has-da güýçlendirer.

Döwlet Baştutanymyz hemişe döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri amala aşyranda öz halkyna bil baglaýandygyny nygtap geçýär we gadymdan gelýän asylly däbe görä ýurdumyzyň ýaşuly nesli bilen maslahatlaşýar. Bu işlerde hem döwletimiziň her bir raýaty, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň halkymyzyň ykbalyny kesgitleýän, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegine ýardam edýän iň esasy hukuk namadygyndan ugur alyp, ony kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak bilen bagtyýar zenanlarymyz hem erkekler bilen bir hatarda syýasy-hukuk özgertmelere, ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Umuman, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň giň goldawa eýe bolýandygyna, Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň metbugatda çap edilen taslamasynyň halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredip, ony ara alyp maslahatlaşmak işine raýatlarymyzyň buýsanç, söýgi we ynam bilen gatnaşýandyklaryna geçirilýän maslahatlarda, ýygnaklarda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde doly göz ýetirmek bolýar. Şeýle özgertmeleri amala aşyrmak diňe öz Watanyny jandan söýýän, Garaşsyzlyga guwanmagy, Watany söýmegi özüne bagt saýýan öz halkynyň söýgüsine, buýsanjyna mynasyp bolan milli Liderli halka başardýar.

Ýurdumyzda her bir raýatyň bagtyýar, bol-elin durmuşda ýaşamagy, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, döwletimiziň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan belent maksatly tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Zenan kalby” žurnaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine.

 

tags: