BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY — ÝÜREKLERIŇ JOŞGUNY

11-nji fewralda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen taryhy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň barha berkeýändigini, halkymyzyň belent maksatlar bilen aýdyň geljege tarap ynamly gadam urýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Biz bu waka şaýat bolan watandaşlarymyzyň käbirleriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Aýjemal ÝAGŞYMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şonuň ýaly-da, medeni-durmuş ulgamlarynyň mundan beýläkki ösüşlerini kesgitlemekde bütin dünýä ýäň salan taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy forumda eden çykyşynda döwletimiziň berkararlygyny, ykdysady taýdan kuwwatlylygyny pugtalandyrmak, merdana hem agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny, bolelin durmuşyny has-da ýokarlandyrmak barada aýdan parasatly sözleri, mejlisde kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütler buýsançly başlarymyzy has-da belende göterdi. Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde tassyklanylan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň” ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün etjekdigi ikuçsuz hakykatdyr.

Diňe soňky on bäş ýyla barabar wagtyň dowamynda Balkan welaýatymyzda amala aşyrylan beýik işleriň özem, tutuş ýurt bilen birlikde, biziň sebitimiziň hem geljeginiň has nurana boljakdygyna güwä geçýär. Soňky gysga wagtyň dowamynda ýokary hilli gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky gaz-himiýa toplumy, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Serdar etrabynda gurlan Rowaç obasy, Bereket etrabynyň çäginde gurlan täze suw howdany, Türkmenbaşy şäherinde we Magtymguly etrabynda işe girizilen täze hassahanalar we beýlekiler bu gün diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň depginli ösüşlerinden habar berýär.

Şu beýik hakykaty kalbymyzda besläp, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň kabul eden taryhy kararlaryny, eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlardaky gazanýan ösüşlerini ilatyň arasynda wagyz etmek biziň baş wezipämizdir. Goý, bizi şeýle uly bagta eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Ýazga geçirenler öz habarçylarymyz

“Türkmenistan” gazeti

14.02.2022 ý

 

tags: