BERKARAR DÖWLETLILIGIŇ BINÝATLARY

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky habar hemmämiziň ruhumyzy joşdurdy. Milli Liderimiz işjeň dynç alşyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, wagtyňy döredijilikli we peýdaly geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Milli mirasy düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen bagly ylmy-amaly we wagyz işleri hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.

Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly: «Türkmenistanda häzirki zaman milli döwlet gurluşynyň kemala gelmegi öz syýasy-hukuk gözbaşyny 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamadan alyp gaýdýar. Hut şol ýyllar biziň ýurdumyz üçin milli döwletiň iň oňaýly görnüşini seçip almagyň, özygtyýarly döwletiň kemala gelmeginiň döwri boldy». Jarnamada türkmen halky öz erk-islegini beýan edip we öz ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alyp hem-de milletleriň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi. Garaşsyz türkmen döwletiniň emele gelmeginde esas goýujy wajyplyga eýe bu hukuk namasy soňra «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur syýasy-hukuk şertleri döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bu taryhy hukuk namalarynyň tutuş mazmunyny özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi.

Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamanyň girişinde beýan edilen esasy maksatlaryň hatarynda halkyň syýasy, ykdysady, durmuş, ruhy we medeni taýdan mynasyp ösmegi, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek barada alada etmek; ýurdumyzy dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz agzasy hasap etmek; Türkmenistanyň bütin çäklerinde häkimiýetiň hökmürowanlygyny, özbaşdaklygyny, doly ygtyýarlylygyny, mizemezligini, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda ýurduň garaşsyzlygyny we deňhukuklylygyny ykrar etmek ýaly binýatlaýyn döwletlilik düşünjeleriniň beýany hökmünde Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň jar edilýändigi kesgitlenen. Munuň özi türkmen döwletiniň emele gelmegine we berkarar bolmagyna giň ýol açdy.

Jarnamanyň birinji bendinde Türkmenistanyň özygtyýarly milli döwlet bolup, onuň özüniň bütin çäklerinde häkimiýeti doly amala aşyrýandygy, türkmen halkynyň milli döwletiniň goralmagyny we aman saklanmagyny üpjün edýändigi berkidilen. Bu resminamanyň ikinji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň kanunyň hökmürowanlygyny berkarar edip, ynsanperwer demokratik jemgyýet döretmek hyjuwy bilen joşýandygy aýan edilýär. Şonuň bilen birlikde, bu bentde Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we döwlet häkimiýetiniň çeşmesiniň halkdygy kesgitlenen hem-de halkyň döwlet häkimiýetini gös-göni we Konstitusiýa esasynda wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy beýan edilen.

Döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň ähmiýetliligi boýunça konstitusion kadalara barabar bolan 17 bendinde jemlenen milli döwletliligiň konstitusion gurluşynyň başlangyç ýörelgeleýin esaslary, täze türkmen döwletiniň çäkleri, döwlet-hukuk gurluşynyň, içeri we daşary syýasatynyň, adam we raýat barada, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary, döwletiň maddy we ruhy-medeni baýlyklary hakynda binýatlaýyn düzgünler berkidilen. Şeýle ýörelgeleriň hatarynda ekologiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly 12-nji bendi görkezmek bolar. Bu bentde Türkmenistanyň çäklerinde tebigaty goramagyň, tebigy baýlyklardan peýdalanmak işini guramagyň tertibiniň özbaşdak bellenýändigi we halkyň ekologiýa taýdan howpsuzlygynyň üpjün edilýändigi, ekologiýa taýdan zyýanly önümçilikleriň we adamyň saglygyna zyýan berýän önümleriň gadagan edilýändigi bellenen.

Jemlenip alnanda, Türkmenistanyň Döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmeginiň özygtyýarly, garaşsyz, milli döwletlilige tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň syýasy-hukuk ýagdaýyny pugtalandyrandygyny görmek bolýar.

Döwletliligiň ýörelgeleýin resminamalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmeginiň örän uly taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetlidigini bellemek bolar. Kanunyň 1-nji bendinde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, durmuş gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýändigi berkidilen. Kanunyň 4-nji bendinde Türkmenistanyň çäkleriniň emele gelen serhetlerde eldegrilmesizdigi we bölünmesizdigi kesgitlenen. Şonuň bilen birlikde, Kanunyň 9-njy bendinde ýurduň raýatlygynyň ýola goýulýandygy bellenen. 10-njy bendinde bolsa ýurduň çägindäki ýer serişdeleriniň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suw hem beýleki tebigy serişdeleriň we deňiz ykdysady zolagynyň halkyň milli baýlygy we eýeçiligi hökmünde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýändigi beýan edilen.

Kanunda Türkmenistanyň ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmegi amala aşyrýandygy, döwletiň eýeçilige hukugyň dürli görnüşlerini ykrar edýändigi we olary deň derejede goraýandygy hem bellenen. Kanunyň 14-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet — dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde öz daşary syýasatyny özbaşdak düzýändigi we durmuşa geçirýändigi, Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara guramalara gös-göni girýändigi, diplomatik, konsullyk, söwda hem-de beýleki gatnaşyklary amala aşyrýandygy, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyşýandygy, halkara şertnamalary baglaşýandygy kesgitlenen.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkyň buýsanjyna öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, Garaşsyzlyk bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşany bolup durýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininiň, ýadawsyz zähmetsöýerliginiň, giň dünýägaraýşynyň, halkara başlangyçlarynyň oňyn netijeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da aýdyň şöhlelenýär. Bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyk hökmünde sarpalaýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadynda ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza, halkara ýörelgelere esaslanýan döwlet we hukuk ulgamynyň, demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler gazanylýar.

Ykbal kesgitleýji taryhy wakalaryň, milli gymmatlyklaryň, ýörelgeleýin binýatlaryň hatarynda Bitaraplyk wajyp orun tutýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bitaraplyk düşünjesiniň asyl taryhy kökleri gadymy döwürlerden bäri bellidir. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Olarda «Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip nygtalýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly täze Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara resminamalara laýyklykda, Milletler bileleşigi Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini resmi taýdan ykrar etdi. Bitaraplyk parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýaly türkmen halkynyň asyrlardan gaýdýan asylly däpleriniň alamatlandyrmasy bolup, häzirki wagtda halkara derejeli gymmatlyga öwrüldi. Munuň özi tötänden däldir, çünki Bitaraplygyň türkmen nusgasy iş ýüzünde özüniň wajyplygyny yzygiderli tassyklaýar. Alym Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda giň we çuň many-mazmuna eýe bolan Bitaraplyk taglymaty sebitde we dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň, netijeli söhbetdeşligiň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda ýurtlaryň hem halklaryň hyzmatdaşlygyň täsirli gurallarynyň birine öwrüldi.

Halkymyz häzirki wagtda Bitaraplygy döwletliligiň düzüm bölegi hasaplaýar. Bitaraplygyň döwletlilik manysy ata Watanyň asudalygydyr, erkanalygydyr, berkarar döwletimiziň, bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesidir, asyrlarboýy sünnälenilip gelnen ynsanperwer ýörelgeleridir.

Döwletlilik — bagtyýar, bagtly, döwranly döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň raýaty bolmakdan, bagtly maşgaladan, bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ulus-ilden başlanýar. Berkarar döwletimizde her bir maşgalanyň başynyň saglygy, amanlygy, abatlygy, agzybirligi, adamlaryň dost-doganlyk gatnaşyklary, döredijilikli zähmet bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler döwletliligiň aýdyň nyşanlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň işlenip düzülmegi we metbugatda çap edilip, giň halk köpçüligi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de uly goldawa mynasyp bolmagy döwletliligiň möhüm alamatydyr. Türkmenistan döwletiniň, türkmen jemgyýetiniň ilerleýji ösüşini, kämilligini amal etmekde Özygtyýarlylygyň, Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň ähmiýeti bimöçberdir. Konstitusion özgertmeleriň hem iň esasy maksatlarynyň biri döwletimiziň şu özboluşly aýratynlygyny has-da pugtalandyrmakdan, demokratik ösüşleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýagmyr NURYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.

“Türkmenistan” gazeti.

 

tags: