BERKARARLYGYŇ BELENT WASPY

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyň “Howpsyz, özerkli ýaşaýyşyň galasy!” atly bölüminde  mukaddes Garaşsyzlygyň gözbaşlary we esaslary barada gürrüň berilýär. “Türkmen halky – döwlet häkimýetiniň ýeke-täk eýesi!” atly bölüminde taryhy maglumatlar beýan edilýär. Kitabyň “Budur Türkmen binasy!” atly bölüminde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar, ýurdumyzda geçirilen konstitusion özgertmeler we iki palataly parlamentiň döredilişi öz beýanyny tapýar. “Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy” atly  bölüm bolsa Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamyny beýan edýän şöhratly sepgitler hakyndadyr. Kitabyň “Gözbaşlar joşly bolsa bagtyňdan rowçlyk hem üstünlik çykar” atly bölüminde ylym-bilim we saglyk ulgamlarynda gazanylan ösüşler we özgertmeler barada giňden gürrüň berilýär. “Türkmen –topragy bereket mekany” atly bölüm oba hojalygy, ýagny bereketli türkmen topragynyň halkymyza eçilýän näz-nygmatlary hakdaky söhbedi özünde jemleýär.

Kitabyň “Türkmen halky – dörediji we gurujy halk” diýen bölümi “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy barada, dokma senagatynyň ösüşleri, türkmen halyçylyk sungaty, şol bir wagtyň özünde medeniýeti we sungaty ösdürmekde alnyp barylan işler hakyndadyr. “Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe – ösüşiň özeni” bölüminde ýurdumyzyň senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanylan üstünlikler, “Ýoluňyz ak bolsun!” atly bölüminde ulag ulgamy baradaky maglumatlar beýan edilýär. Mundan başga-da, bu bölüm dünýäniň dürli ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklar we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hakyndadyr. Kitabyň ýene bir bölümi “Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!”  diýip atlandyrylypdyr. Onda ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklary ýagny nebit-gaz pudagyndaky özgertmeler, durmuşa geçirilýän möhüm taslamalar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Garabogazdaky karbamid zowydynda we Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyna degişli zawodda öndürülýän önümler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Kitabyň “Ýaşyl ykdysadyýet” – ýaşaýyş ýörelgesi” atly bölümi daşky gurşawy goramak, ýagny ekologiýa meselelerini özünde jemleýär. “Bazary baryň baýlygy bar” bölümi  bazar ykdysadyýeti bilen baglanşyklydyr. Kitabyň soňky bölümi “Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, geljeklidiris” diýip atlandyrylyp, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr gymmaty beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly eserini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek biziň borjumyz hem wezipämiz bolup durýar. Şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň galamynyň hemişe ýiti, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!

Şirinjemal Otuzowa TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni

“Daşoguz habarlary” gazeti

04.11.2021 ý

 

 

tags: