BERKARARLYGYŇ BERK BINÝADY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz indi ýigrimi dokuz ýyl bäri dünýäniň çalt ösýän, asuda, parahat döwleti hökmünde özüniň täze taryhynyň şöhratly ýoluny dowam etdirip gelýär Hormatly Prezidentimiz alyp barýan döwlet syýasatynyň binýadynda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän beýik taryhyny, millet derejesinde döreden gymmatly milli mirasyny, durmuş ýörelgelerini goýmak bilen, «Watan» diýen düşünjäni has belende galdyrdy. Ata Watanyň mertebesiniň, şan-şöhratynyň, abraýynyň hemişe belentde tutulmagy baradaky mukaddes düşünjäni milli ideologiýanyň esasy ýörelgesine öwrüp, ähli ösüş strategiýasynyň baş maksady hökmünde öňe sürdi. Halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ygtybarlylygy nesilleriň şu güni, geljegi, tutuş jemgyýetiň sagdyn ýörelgeler bilen öňe gitmegi döwlet syýasatynyň netijeliligine, häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň talaplaryna laýyk gelmegine köp halatda baglydyr.

Türkmen halky, biziň dana ata-babalarymyz ýurt gadyryny hemme zatdan ilerde goýup, dogduk iliniň mukaddesligine uýup, watansöýüjiligi iň esasy milli häsiýet derejesine ýetiripdir. Halkymyz: «...Ýurdundan aýrylan ölinçä aglar», «Towşana dogduk depe», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýmek bilen, ynsan ömrüniň gymmatyny Watan bilen baglapdyr. Magtymguly Pyragy öz iliniň hiç bir zada çalşyp bolmajak gymmatlygyny nesilleriň aňyna guýup: «Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa-sökse, horlasa-da il ýagşy» diýip, hakydalara bakyýana paýhasy miras goýupdyr.

Ata Watany janyndan ileri tutmak bilen, mukaddes topragyň her daban ýerini goramak üçin baş goýan merdana pederleriň watançylyk ýoluny dowam etdirmek her döwürde ýaşan nesilleriň aň-paýhasynyň özeninde duran beýik häsiýetdir.

Biziň döwürdeşlerimiz türkmen taryhynyň ajaýyp döwründe ýaşaýandyklaryna buýsanmaga haklydyr. Şol buýsanjymyz mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagyň çuňňur watançylyk duýgusy bilen birlikde, häzirki zamanyň ösen döwletini üstünlikli kemala getirmekde millet hökmünde bütin dünýä başarnygyňy we tejribäňi äşgär edip bilmegiň aýratyn bir kanagatlandyryjy duýgusy bilen hem baglydyr.

Häzirki şertlerde ylmy-tehnologik ösüşiň ýokary derejede adamzat durmuşyna ornaşmagy bilen, umumylaşmagyň artýan döwründe döwletliligi kemala getirmegiň, berkitmegiň, ösdürmegiň örän çylşyrymly hereketler, taryhy çözgütler esasynda ýola goýulýandygyna ildeşlerimiz örän oňat düşünýärler. Ösen dünýäde halkara maliýe düzümler, umumy bazar, transmilli ykdysady güýçler ýaly, ählumumy ösüş hereketiniň ýagdaýyna täsir edýän düşünjeleriň çygrynda milli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer jähetlerde döwlet hökmünde öz tutýan ýoluňy ýöretmekde örän çeýe syýasatyň, aýratyn uly tagallanyň gerekdigini Garaşsyzlyk ýyllarynyň tejribesi has aýdyň görkezdi. Milli bähbitleri goramak üçin zerur şertleri işläp taýýarlamak, öz tutýan ýoluň bilen ählumumy ösüş hereketinden üzňe bolmadyk syýasaty öňe sürýän başlangyçlar bilen dünýäniň syýasy-ykdysady giňişligine çykmak, kähalatda ýüze çykmagy mümkin bolan meseleleriň çözgüdine öňünden göz ýetirmegi başarmak, meseleleri çözmegiň ýollaryny dogry kesgitläp bilmek — ine, şeýle möhüm, gaýragoýulmasyz wezipeler häzirki zaman döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Ýurdy goramagyň, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, döwletliligiň binýatlaryny berkitmegiň daýanjy, gözbaşy halk bilen döwletiň mizemez bitewüligidir, jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň höküm sürmegidir. Munuň özi şu günümiziň we ygtybarly geljegimiziň kepilidir. Dünýä bilen sazlaşykly gatnaşyklarymyzyň, okgunly ösüşlerimiziň kepilidir.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan şeýle ýörelgelere eýermek bilen, daşary syýasatda köp öňegidişlikleri, dünýä bileleşiginiň ynamyny gazanmagy başardy. Iň esasy üstünlik ýurdumyzyň halkara guramalar, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda gazanýan netijeleridir. Birleşen Milletler Guramasy ikinji jahan urşundan soň döredilip, bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygy parahatçylykly, özara bähbitli şertlerde guramakda esasy syýasy meýdança derejesinde indi 75 ýyl bäri işjeň hereket edip gelýär. Adamzat taryhynda halkara jemgyýetçiligiň döreden iň zerur hem iň täsirli guramasy bolan BMG umumadamzat aňynyň ynsanperwer ideýalarynyň naýbaşysy bolan parahatçylygy gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurtlar arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda umumadamzat bähbitli çäreleri alyp barmak ýaly ugurlarda deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýar, zerur resminamalary işläp taýýarlaýar, dünýä ýurtlaryna ýaýradýar, öňe sürülýän başlangyçlaryň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.

Her bir döwletiň halkara derejede ykrar edilmegi baradaky ygtyýarlyga we hukuga eýe bolan Birleşen Milletler Guramasyna 1992-nji ýyldan bäri doly hukukly agza bolup durýan Türkmenistan üçin özygtyýarlylygyň, çäk bitewüliginiň, döwlet hökmünde garaşsyz içeri, daşary syýasaty alyp barmagyň halkara syýasy kepili bolan bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Munuň özi aýratyn ähmiýet berlip, saýlanyp alnan ýoldur. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň özboluşly ýörelgeleri kemala getirildi. Mähriban Arkadagymyz bu ýörelgeleriň täze döwrüň ählumumy ösüşleriniň talaplaryna laýyk gelýän başlangyçlar esasynda has baýlaşmagy, umumadamzat bähbitlerine hyzmat etmegi ugrunda uly tagallalar edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda, döwletliligi, garaşsyzlygy halkara derejede berkitmek ýaly möhüm maksatlardan ugur alýar. Häzirki döwürde dünýäniň dürli sebitlerinde ýüze çykýan wakalar döwletliligi gorap saklamak, halkyň erk-islegine görä, ösüşleri özygtyýarly ýola goýmak, jemgyýetçilik asudalygyny üpjün etmek ýaly halkara hukukda esaslandyrylan ýörelgelere aýratyn üns bermegi talap edýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň, döwletimiziň parahatçylyk söýüji içeri we daşary syýasatyny bu halkara guramanyň üsti bilen dünýä döwletlerine ýetirmegiň örän dogry hem netijeli syýasy ýoldugyny wagt görkezýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk eýýamynyň daşary syýasat ugruny kemala getirmekde BMG bilen hyzmatdaşlyga esasy orun bermek arkaly, döwletliligi berkitmegiň zerur şertlerini döretmegi başardy. Içerki syýasatda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni öňe sürüp, halkymyzyň bar ünsüni, tagallasyny, döredijilik güýjüni ösüşlere gönükdirmek bilen, döwletliligiň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetçilik asudalygynyň esasy hem-de berk binýadynyň kemala getirilmegine ýol açan milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň döwrüň anyk ýagdaýlaryna esaslanýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Daşary hem içeri syýasatyň bu iki daýanjy Türkmenistan döwletine, türkmen halkyna parahatçylykly ösüşi üpjün etmekde uly mümkinçilikleri döredip gelýär, şeýle hem dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň özara bähbitlilik esasynda, netijeli ýola goýulmagynda döwletara, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň baýlaşmagynda, islendik döwlet bilen özara peýdaly, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ilerlediji şert bolup durýar.

Umumy ykrar edilen halkara hukugyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek babatda Türkmenistanyň tutýan ýolunyň düýp mazmuny Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynda has giňişleýin şöhlelenýär. Munuň özi diňe bir biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň syýasy-jemgyýetçilik ösüşinde adamzat jemgyýetiniň oňyn geljegi üçin täze garaýyşlary, çemeleşmeleri aňladýan üýtgeşik syýasy ýüze çykma hökmünde dünýä taryhynda orun alýar. Türkmenistanyň tutýan ýolunyň bitaraplyk jähetiniň halkara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, ylalaşykly ýaşamagyň, köp dürli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryň arasynda düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmagyň hemmeler üçin kabul ederlikli ideýa bolup durýandygyny dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüne ýetirýän mähriban Arkadagymyz öz garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň abraýly münberinden ençeme gezek beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz 2007-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisine, 2010-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda 65-nji, 2011-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda 66-njy, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda 70-nji, 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda 73-nji mejlislerine gatnaşmak bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň meýilleri, ösüş maksatnamalary barada giňişleýin çykyş etdi. Şol çykyşlarynyň birinde milli Liderimiz öz garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: «Geçen ýyllarda bolşy ýaly, biziň bu gezekki forumymyz hem häzirki zaman dünýäsiniň çylşyrymly wakalaryna, ählumumy ähmiýete eýe bolan sowallara dogry jogaplary gözlemäge birmeňzeş çemeleşmeleri kemala getirmek işiniň dowamy bolup durýar. Maksatlary anyk goýmaga, olary amala aşyrmagyň geljegini görmäge we munuň üçin netijeli halkara mehanizmleri seçip almaga esaslanan ulgamlaýyn çäreleriň zerur bolup durýandygy has aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan bu maksatnamalary şeýle kesgitleýär: ösüş arkaly parahatçylyk».

2011-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu pikiriniň ähmiýetini döwür barha äşgär edýär. Halkara derejede wakalaryň gidişi iň esasy zadyň dünýäde parahatçylygy gorap saklamakdygyny, her bir halkyň mertebesiniň we saýlap alan ýolunyň ykrar edilmelidigini, umumy kabul edilen halkara hukugyň ýörelgeleriniň adamzat jemgyýetiniň ylalaşykly ýaşamagynyň we öňe gitmeginiň mizemez kanuny esasy bolup durýandygyny gaýta-gaýta subut edýär. 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiziň: «BMG halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramadyr» diýip nygtamagynyň çuňňur manysy barha aýdyňlaşýar. Çünki dünýä ösüşiniň ýeten ýokary ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady, intellektual derejesiniň täze şertleri müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilen umumadamzat gymmatlyklarynyň, iň ýokary ynsanperwer ideýalarynyň islendik döwürde ýaşaýşyň esasynda durmalydygyny, durmuşyň hemme şertleri özgerse-de, ynsançylyk ruhunyň, adamzadyň päkize ahlak garaýyşlaryna bolan islegleriniň üýtgemeýändigini anyk hem açyk görkezýär. BMG-niň maksatlary, öňe sürýän ideýalary hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýandygy bilen aýratyn ähmiýetlidir, geljegiň binýadyny ynsanperwerlikde görýändigi, halkara jemgyýetçiligi şuňa ündeýändigi, gözükdirýändigi üçin örän gymmatlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň many-mazmuny dünýä bileleşiginiň umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer ideýalaryna, durnukly ösüşe gönükdirilen maksatnamalaryna ýugrulandyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistanyň öňe sürýän ähli başlangyçlary biragyzdan goldanylýar, degişli Kararnamalar bilen berkidilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni, her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni, 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigindäki abraýynyň anyk subutnamasydyr.

Halkymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna Türkmenistanyň saýlanandygy baradaky habary şatlyk hem ruhubelentlik bilen kabul etdi. Ýurdumyz dünýä derejeli bu forumyň wise-başlyklygyna indi altynjy gezek saýlanýar. Türkmenistana BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasary derejesinde orun berlipdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 21-nji awgustynda geçirilen mejlisinde biziň ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary barada aýdyldy. Şol garaýyşlar hem umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen belent maksatlaryň beýanydyr. Türkmenistanyň alyp barýan döwletlilik ýolunyň ynsanperwer ideýalarynyň şöhlelenmesidir.

Alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty bilen ertirki güne bolan umyt-ynamymyzy berkidýän, ýurdumyzda ähli ugur boýunça ösüşleriň gowşamaýan depginini üpjün edýän mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz asudalygyň gadyryny bilip ýaşaýar. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, döwrebap adamlar bolup ýetişmeginiň aladasyny edýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, milli ruhy, ahlak, durmuş ýörelgelerimize bolan hormat-sarpasy artýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen döwleti ösüşiň şu ýoluny saýlap aldy. Öz milli ýoluny ösdürmek bilen, täzelenişiň, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyň özboluşly ugurlaryny üstünlikli kemala getirmegiň hötdesinden geldi.

Türkmeniň döwletlilik ýoluny şan-şöhrata besleýän milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Goý, mähriban halkymyza asuda durmuş, gülläp ösüşler hemişe hemra bolsun!

Ata SERDAROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy,

Mejlisiň deputaty.

“Türkmenistan” gazeti.

 

 

tags: