Berkararlygyň täze eýýamy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we oýlanyşykly strategiýasy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni, durmuş we beýleki ulgamlarynyň ösüşiniň ýokary derejesini üpjün etdi. Durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy. «Özbaşdak ösüşiň ýolunda her gün, her aý we her ýyl aýdyň, şöhratly, taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady hem-de medeni wakalara baý boldy» diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk etmeginde şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýene bir sahypany goşdy. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmegi, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan möhüm taryhy çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlara ýüzlenip, ýurdumyzyň geljekki ösüş döwrüniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylandygyny habar berdi. Şol esasda hem Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň taýýarlanandygy aýratyn bellenildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzda belent ösüşlere beslenjek täze bir eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen halk bähbitli çözgütleri, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen bagly öňde durýan wezipeleri giň halk köpçüligine düşündirmek boýunça dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýärler.

Ata Watanymyzy bedew batly ösüşleriň belent sepgitlerine eýe etmek we ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamany durmuşa geçirmek bagtyýar ýaşlaryň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, bilimli, zähmetsöýer, ýokary tehnologiýadan oňat baş çykarýan ýaşlary, hakyky watançylary terbiýelemek esasy wezipedir. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň geljekde ýurdumyzy dolandyrmaga gatnaşmaklary bilen baglylykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Saýlawlar türkmen jemgyýetinde onuň gadymy demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň bäsdeşlik esasynda geçiriler. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi we milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de karar biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçiriler. Bu halkymyzyň köp asyrlardan bäri gelýän hem-de milli häsiýetiniň özenine öwrülen gadymy halk häkimiýetlilik däpleriniň dowam etdirilmesi bolar.

Ýurdumyzda köp partiýaly syýasy ulgamy döretmek ugrunda taryhy ädimler ädildi. «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Kanunçylyga laýyklykda, ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlaryna jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrülen bu partiýalaryň wekilleri hem işjeň gatnaşarlar. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýokary watançylygynyň we syýasy işjeňliginiň ýüze çykmasyna öwürmek saýlaw hukugyna eýe bolan her bir raýatyň möhüm borjudyr.

Türkmenistnyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly, giň demokratik esaslarda geçirmek Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi arkaly düzgünleşdirilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlary guramak, geçirmek işlerinde syýasy partiýalara uly orun berilýär. Şondan ugur alyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri hem Prezident saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly işlere we çärelere ýakyndan gatnaşýarlar.

Halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň işleri rowaçlyklara beslensin!

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

“Watan” gazeti

01.03.2022 ý

 

tags: