BERKARARLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ DABARALANMASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň Esasy Kanuny bolup, halkymyzyň demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky isleg-arzuwlaryny, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy tejribesini, döwlet gurmak boýunça mirasyny, demokratik taglymatlaryny özünde jemleýär. Döwletimiziň bu möhüm resminamasy adam hukuklary we azatlyklary babatda umumy ykrar edilen halkara hukuk ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda hasda kämilleşdirilen mukaddes gymmatlygymyzdyr.

Döwlet gurluşynyň milli we dünýä tejribesiniň. umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny özünde jemleýän Esasy Kanunymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine. halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň berk binýady we döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny düzýän hukuk namalarynyň hem çeşmesi bolup durýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladanyň durmuşa geçirilmeginiň pugta binýadydyr. adamlar we olaryň bähbitleri, adam hukuklary hem-de azatlygy babatdaky dünýä siwilizasiýasynyň halkara hukuk kadalaryna hem-de gazananlaryna ygrarlylyk biziň syýasatymyzyň esasyny düzýär. Berkarar döwletimiziň ygtybarly hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg-arzuwlaryny, agzybirlik, ynsanperwerlik, wyždan päkligi, azatlyk, watansöýüjilik, döwletiň demokratik gurluşy baradaky düşünjelerini, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk ýörelgelerini özünde jemleýär.

Döwlet baýdagymyzyň hem-de Esasy Kanunymyzyň baýramçylygynyň bilelikde bellenilip geçirilmegi has-da guwandyryjydyr.

Döwlet baýdagymyz Garaşsyz. hemişelik Bitarap döwletimiziň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny kesgitleýän mukaddes nyşanlarymyzyň biridir. Biziň milli guwanjymyz, halkymyzy galkyndyrýan, onuň ruhuny göterýän tug bolup durýan mukaddes baýdagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň, döwletimiziň şan-şöhratynyň. onuň halkara abraýynyň barha artýandygynyň güwäsi bolup, al-asmanda erkana pasyrdaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylygymyz ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda uly wakadyr. Halkymyzy, aýratyn-da ýaş nesillerimizi watançylyk we belent ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde onuň möhüm ähmiýeti bardyr.

Bizi ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan ähli dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine

“Nebit-gaz” gazeti 

tags: