BILIMI KÄMILLEŞDIRMEKDE TÄZE BAŞLANGYÇLAR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyran düýpli özgertmelerini ylym, bilim ulgamlaryndan başlady. Çünki hormatly Prezidentimiz adamzat siwilizasiýasynyň häzirki ösüş basgançagynda jemgyýeti ylymsyz, bilimsiz ösdürmegiň mümkin däldiginden ugur alýan syýasaty durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talap edişi ýaly, dünýä derejesine götermek üçin hormatly Prezidentimiziň edýän uly tagallalarynyň özboluşly ýüze çykmalarynyň birem ýurdumyzyň bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman enjamlary, kompýuterler, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil abzallar, mebeller bilen üpjün edilen, bütindünýä internet ulgamyna birikdirilen döwrebap bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda gije-gündiz alada edýär. 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap her ýylda ýurdumyzyň ähli orta mekdepleriniň 1-nji synpyna gelýän çagalarymyzyň ählisini şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmegiň ýola goýulmagynda hem uly many bar. Çünki bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ojaklarynyň ählisiniň işine sanly bilim ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary sanlaşdyrylýar. Şonuň üçinem, şunuň ýaly şertlerde döredilýän ykdysady kuwwatlyklara erk etmäge ukyby bolan nesilleri kemala getirmek döwrüň talabydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmegi elmydama üns merkezinde saklaýar hem-de onuň yzygiderli kämilleşdirilip durulmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýakynda, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar syýasaty ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de bilim ministriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň, onuň barşynda ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlaryny mundan bu ýana-da kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetli waka bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bu maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň arasynda hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylmyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipeleri baradaky meseläniň aýratyn orun eýeländigi üns bererliklidir.

Iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşan ýolbaşçylar saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri işjeňleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şonda hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy enjamlaýyn we ylmy usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellemek bilen, häzirki zamanyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine ähmiýet bermegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigine, ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyna, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumynyň guralmagynyň zerurdygyna, şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlarynyň döredilmelidigine, bu işleriň bolsa ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekmegi adam hakda, onuň saglygy hakda, ilkinji nobatda bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň hem beden taýdan, hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara almak bilen, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullaryny, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribelerini ornaşdyrmagy hormatly Prezidentimiz esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz 2020 — 2021-nji täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk işlerini häzirden başlap ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bilim edaralarynyň hemmesiniň sanly ulgama geçirilmegini, mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamagy, hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, orta hünär bilim ulgamynyň binýadynda ugurdaş hünärler boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, okgunly ösýän tehnologiýalary özleşdirmäge mümkinçilik berýän täze hünärleri girizmegi, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip, okuw toplumlaryna öwürmegi, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamagy, umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagy bilimi ösdürmegiň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiziň bu iş maslahatynda çagalarymyzy döwrebap terbiýelemegi ýola goýmaga ýardam etjek başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigi hem bellemäge mynasypdyr. Şonda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygy, orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmeginiň, mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesiniň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy, şeýle-de, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigi barada öňe süren pikirleri tüýs wagtynda öňe sürlen teklipler boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlaryny dünýä derejesinde ýola goýmaga elmydama aýratyn uly ähmiýet berýär. Bu babatda şu gezekki iş maslahatynda-da hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Hökümetimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda, bilimiň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gazanmalydygyna, bu abraýly halkara guramanyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek bilen, ýokary okuw mekdepleri üçin ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ylym bilen ýokary okuw mekdebiniň baglanyşygyny has-da güýçlendirmegi, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etmek bilen, bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi hem-de bu ulgam üçin häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň çagalar baglarynda we bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagynyň, bilim ulgamyna okatmagyň täzeçil döwrebap usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtamak bilen, täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň has amatly usullarynyň özleşdirilmeginiň, halkymyzyň asylly dessurlary bilen bilim ulgamyndaky häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň sanly tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen usullary arkaly bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigi, okuw işiniň tejribe, aýratyn-da, zähmet bilen utgaşdyrylmalydygy, bu ugurda bar bolan ýörelgeleriň işjeň öwrenilmelidigi, munuň bolsa ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegini üpjün etjekdigi, umumy bilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerde okaýan ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi, bu babatda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlaryň ähmiýetine, häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm ähmiýet berilmelidigi, munuň bolsa ýaşlaryň çuňňur bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam etjekdigi, şeýle-de, ýaşlaryň arasynda arassaçylyk işlerini, halkymyzyň bu ugurdaky bar bolan asylly ýörelgelerini wagyz etmegiň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklanmalaryny artdyrmagyň, şol bir wagtyň özünde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýdan dürdäne pikirleriniň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesinde döwrebap ösdürmekde ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat etjekdigi ikuçsuzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda berkarar döwletimiziň hemişelik Bitarap döwlet hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk senesiniň uly dabaralara beslenmeginiň çäklerinde ähli beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda durmuşa geçirmeli, onda-da, şu ýylda durmuşa geçirilip başlamaly wezipeleriň anykdan aýdyň kesgitlenmegi, bir tarapdan, bu ugurda ýörelmeli ýola ýagty nur saçýar, beýleki bir tarapdan bolsa bu wezipeleri durmuşa geçirmeli adamlaryň, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň işgärleriniň gerdenine uly jogapkärçiligi ýükleýär.

Biz, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri, hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu täze başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zehinimizi, ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize mähriban Arkadagymyzy ynandyrýarys. Biziň öz işimizi döwrebap kämilleşdirmek ugrunda amal etmeli işlerimiziň esasy ugurlaryny anyk kesgitläp beren hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden çykýan hoşallygymyzy bildirýäris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri el mydama rowaç bolsun!

Atajan BURUNOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.

TDP-niň işjeň agzasy.