BILIMLI NESIL WATANYMYZYŇ KUWWATY

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda kämil nesli kemala getirmäge, jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn uly üns berilýär. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» kabul edildi. Bu bolsa döwrüň talabyna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň okamagy we zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmekde möhüm resminama bolup durýar. Şeýle hem bu maksatnama ýaşlaryň saglygyny goramaga, telekeçilik işi bilen meşgullanmaklaryny ösdürmäge, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmaga, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde, ony halkara derejelerine çykarmakda uly tagallalar edilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bilen, ýaşlaryň iň kämil tehniki serişdelerden, internet torundan peýdalanmaklaryna giň ýol açyldy. Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere bilimli, hünärine ussat, başarnykly ýaşlar giňden çekilýär. Hut şu maksat bilen täze, döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, olarda döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärler yzygiderli açylýar. Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilim derejelerini has-da artdyrmak göz öňünde tutulyp, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň taýýarlanylyşy kämilleşdirilýär.

Netijede, ýaşlarymyz halkara derejesinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek ugrundaky edilýän işler hem aýratyn bellenilmelidir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we ylmy-barlag işlerine çekilýär, häzirki zaman ylmyndan habarly ýaş alymlaryň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalarynyň düzümini ýaş alymlar bilen berkitmek baradaky wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda hem-de üstümizdäki ýylyň 26-njy fewralynda ýaşlar syýasaty boýunça geçiren maslahatynda beren tabşyryklaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barýar. Ýörite meýilnama esasynda ýaşlarymyza milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşlaryny we taryhyny düýpli öwretmek, many-mazmunyny düşündirmek, arassa ahlakly, ylymly-bilimli, watançy nesli kemala getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri aýratyn bellemelidiris.

Türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşyny we röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti.

tags: