Bitaraplyk — beýik mukaddeslik

Toýlary toýa ulaşýan Türkmenistan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir, merdana, zähmetsöýer halkymyz uly ruhubelentlik bilen ýene bir şanly baýramçylygy garşylaýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlenine 25 ýyl dolýar. «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy beren beýik mukaddesliklerimizdir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki abraý-mertebesi dünýäde belende göterildi. Ýer ýüzüniň iň uly syýasy guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň — ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlen gününiň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegini, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň täzeden kabul edilmegini, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan we ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň hemişe uly goldawa eýe bolmagyny munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bolsa, bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Häzirki wagtda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler biri-birine ulaşýar. Döwrümiziň belent ruhy şöhlelenýän şeýle dabaraly çäreleri geçirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Şol çärelerde Watanymyzyň at-abraýyny belende götermekde bitirýän beýik işleri üçin Arkadag Prezidentimize aýdylýan alkyş sözleri dilleriň senasy bolup ýaňlanýar.

Orazmyrat Sarymyradow

TDP-niň Türkmenbaşy etrap

komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

05.11.2020 ý

 

tags: