BITARAPLYK — DILDE DESSAN

Ýakynda TDP-niň Halaç etrap komitetiniň we etrap medeniýet bölüminiň guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesi mynasybetli «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki şirin aýdym-sazlarda we folklor çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşleri, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň asudalygy wasp edildi.

Garaşsyzlygyň gudraty we baky Bitaraplygyň bagty netijesinde agzybir halkymyz ösüşlere beslenen abadan ýurdumyzda bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Medeniýet öýünde geçirilen dabarada edilen çykyşlarda bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň ady alkyşlara beslendi.

Maýsa Çaryýewa, TDP-niň Halaç etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Galkynyş” gazeti

09.12.2020 ý

 

tags: