Bitaraplyk aýdymy

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,
Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,
Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,
Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,
Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Halallyga hem päklige ýugrulandyr bu ýoluň,
Dünýä içre abraýyňa guwanýar türkmen ilim,
Dostluk aýdymyny aýdyp, şirin saýraýar dilim,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Pederleriň pähimine goýup sarpa-hormaty,
Bitaraplyk ýörelgesniň artdy güýji-kuwwaty,
Arkadagly Watanymyň dilde dessandyr ady,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Aşyrmyrat Atamyradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hazar şäher komitetiniň başlygy

“Balkan” gazeti

27.11.2021 ý

 

tags: