Bitaraplyk — milli mukaddeslik

Taryhy wakalara baý bolan 2021-nji, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda asudalygyň, abadanlygyň höküm sürmegi, halkara we sebit ähmiýetli amala aşyrylýan taslamalar, öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýdy.

Milli Liderimiz özüniň egsilmez gujur-gaýraty, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy bilen ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen taryhy işleri amala aşyrýar.

Bu günki gün ýurdumyz bedew bady bilen ösüş-özgerişleriň belent sepgitlerine ýetmek bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmaklygyň parahat, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamakdygyny Ýer ýüzüne äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly eserinde: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi» diýip belleýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýaňy-ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçen agzybir halkymyz az wagtdan biziň ýene bir mukaddes baýramymyz bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny baýram eder.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyndaky çykyşynda: «Eýsem, Bitaraplyk bize näme berdi? Bitaraplyk asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açdy. Ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi» diýip, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň many-mazmunyny giňişleýin beýan etdi.

Indi birnäçe ýyl bäri Bitaraplyk güni diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýä giňişliginde hem baýram edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşynda: « ... Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady» diýip belläp geçdi. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýerýär. Bu bolsa biziň ýurdumyza beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde: «Biziň ýurdumyzyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk yörelgelerine esaslanýar. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylyk söýüjilik, beýleki dinlere hormat goýmak, açyklyk hem türkmenlerde bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny düzýän häsiýetlerimizden ugur alýar» diýip belläp geçýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi kabul etdi we bu waka döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň belentdigini ýene bir gezek äşgär etdi. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň baştutanlygynda diňe bir dünýäniň ýa-da sebitiň döwletleri bilen däl, eýsem, halkara guramalary bilen hem hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär.

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgelere eýerip, goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyzda üstaşyr-ulag kommunikasiýalarynyň sebitara ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly taryhy işler durmuşa geçirildi. Eýýäm ýurdumyzyň çäginden çar tarapa — demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara tarap uzap gidýän awtomobil hem demir, deňiz, derýa, howa ýollary turba geçirijileri gurlup, ulanylmaga berildi we täze gurluşyklar batly depginlerde dowam etdirilýär.

Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–— 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapdy. Onda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017–— 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» çäklerinde dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem gatnaşyklar maksatlaýyn we özara bähbitlere hormat goýmak esasynda ösdürilýär» diýlip bellenilýär.

Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklary täze derejelere çykýar. 2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020 — 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Ýurdumyzyň EKOSOS-yň ýöriteleşdirilen edaralarynyň agzalygyna saýlanmagynyň Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda durmuşa geçirilýän ähmiýetli hem-de wajyp işleriň kanunalaýyk netijesi bolup durýandygyny bellemek gerek.

Parahatçylyk hem-de birek-birege bolan ynam häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm şertleridir. Bu ugurda Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen umumadamzat ähmiýetli işleri yzygiderli durmuşa geçirmegini dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşlarynda aýdyşy ýaly, türkmen halkynda möhüm ykbal çözüji çözgütler kabul edilende, olary mydama pederlerimiziň tejribeleri bilen deňeşdirmek, milli hakydanyň — taryhy, ruhy, medeni gymmatlyklarymyzyň köpasyrlyk mirasyna daýanmak däbi bar. Pederlerimizden bize miras galan bu asylly däp bu günki günde dünýä döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde milli Liderimiziň çuňňur paýhasyna eýlenip, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup durýar. Şeýdibem eziz Diýarymyz goşa mukaddesligi — mukaddes Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy bilen parahatçylygy dörediji hem-de halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde öz mynasyp goşandyny goşýan döwlet hökmünde özüniň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini barha belentliklere ýetirýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalary we işjeň agzalary eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýärler. Her bir geçirilýän çärelerde Gahryman Arkadagly Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, ýurdumyzyň alyp batýan parahatçylyk söýüji, ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, öňe sürýän başlangyçlary, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň edilýär. Her bir dabarada halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän mähriban Prezidentimiziň ady alkyşlara beslenýär.

Ahmet Nepesow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary

02.12.2021 ý

“Watan” gazeti

 

tags: