BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ ESASYDYR

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, ýaş nesli Garaşsyz Watanymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny 2020-nji ýylda uly dabaralara besläp, giňden belläp geçmek maksady bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan edildi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýäniň ähli döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen giň gerimli, yzygiderli ösdürilýän syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlyk parahatçylyk söýüji başlangyçlary durmuşa geçirmäge, üçünji müňýyllykda döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini berkitmäge gönükdirilýär. Bu bolsa. öz gezeginde dünýäniň syýasy giňişliginde Garaşsyz döwletimize täze sepgitlere ynam bilen ýetmäge uly ýardam berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilendir. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy (1995-nji ýylyň 12-nji dekabry, 2015-nji ýylyň 3-nji iýuny), Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynyň jemleri boýunça Yslamabat Jarnamasy (1995-nji ýylyň 15-nji marty), Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 11-nji konferensiýasynyň Jemleýji resminamasy (1995-nji ýylyň 20-nji oktýabry, Kartahen) bilen tassyklanylandyr.

Görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny wagt bilen çäklendirilmedikdir. Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda Türkmenistanyň Bitaraplygy haýsydyr bir harby dawalaryň, döwletleriň ylalaşyklarynyň jemlerine esaslanmaýar, ol Türkmenistan tarapyndan meýletin erki beýan etmegiň özbaşdak saýlawynyň netijesi bolup durýar.

Manysy boýunça oňyn ýa-da konstruktiwdir, bu babatda parahatçylygy we durnuklylygy goldamak, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek meselesinde döwletiň işjeň ugruna düşünilýär, munuň özi ylalaşyk arkaly dünýä bileleşigine girmegiň maksadydyr we serişdesidir.

Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we dabaralanmagy parahatçylyk, özara düşünişmek we dostluk pikirlerine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň mizemez ýörelgesidir. Muny ýakynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty we ol ýerde milli Liderimiziň halkara durmuşyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmakda alyp barýan we geljekde hem bu ugurda alnyp baryljak işler boýunça eden taryhy çykyşy we onuň halkara guramalary tarapyndan uly goldaw tapmagy ýene bir ýola Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Halkymyzy eşretli zamana ýetiren Gahryman hem Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleriniň we başlangyçlarynyň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine.

“Nebit-gaz” gazeti.

tags: