Bol pile ugrunda

Geçen ýylda ýurdumyzda ilkinji bolup pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri bu ýyl hem döwlete ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny berjaý etmek üçin arman-ýadaman tutanýerli zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri gaýtadan işleýän senagatymyz üçin gymmatly çig malyň 97 tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler. Şu maksada ýetmek üçin etrabymyz boýunça 2425 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi.

Etrabymyzda ýüpek gurçuklary talabalaýyk idedilip, olaryň ýerleşýän otaglarynda howanyň çyglylygy we ýylylygy kadaly derejede saklanylýar. Bellenilen sepgide üstünlikli ýetmek üçin, ilki bilen, ýüpek gurçugynyň iýmit üpjünçiligini guramak zerur bolup durýar. Etrabymyzda ösdürilip ýetişdirilýän tut nahallary öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda idedilýär. «Türkmenistan» hem-de Saparmyrat Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleri etrapda öňdebaryjy hojalyklar hasaplanylýar. Bu ýerde öz işine ussat ýüpekçileriň uly topary bar. Hojalygyň ýüpekçileri şu ýyl 112 gap gurçuk tohumyny idedip, etrapda ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmegi maksat edinýärler.

Ýüpek gurçugyny talabalaýyk idetmekde hem-de ýylyň-ýylyna ajaýyp üstünlikleriň gazanylmagynda ussat ýüpekçiler Laçyn Döwletowa, Rozygül Babaýewa, Göwher Erkäýewa, Käkilik Işangulyýewa, Ogulbeg Ýagşygulyýewa, Babajan Kerimow, Selbi Hemraýewa dagy tutanýerli zähmet çekýärler. TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň işgärleri degişli hünärmenler bilen birlikde gurçuklary idetmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda guralmagyna gözegçilik edýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde güýçli depginde piläni isripsiz ýygnamaga girişildi. Bize halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Rüstem Arslanow, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň hünärmeni

“Watan” gazeti

30.04.2022 ý

 

tags: