BUÝSANÇLY KALPLARYŇ ALKYŞY

TDP-niň Hojambaz etrap komiteti we onuň ilkinji guramalary hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylyşyny ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etmegi özleriniň baş maksady hasaplaýar.

Golaýda TDP-niň etrap komitetiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleriniň bilelikde guramagynda 25-nji sentýabrda Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen döwletli kararlaryň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy gurşap alan Konstitusion özgertmeler we iki palataly Parlament ulgamynyň halk häkimiýetligini pugtalandyrmakdaky orny barada çykyşlar edildi. Buýsanja beslenen dabarada söz sözlänler ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda irginsiz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza kalplaryndan çykýan alkyşlaryny beýan edip, Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şasenem HUDAÝBERDIÝEWA

TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň jogapkär işgäri

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020

tags: