Buýsanjyň, baýlygyň, bagtyň mekany

Bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, ony döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynda magat göz ýetirdik. Ýeri gelende aýtsak, şöhratly taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden öz dury gözbaşyny alyp gaýdýan, her bir etjek işini ýedi ölçäp, bir kesýän türkmene gurmak, döretmek, guran we döreden zatlaryna buýsanyp ýaşamak, olaryň hözirini görmek ýaraşýar. Şonuň üçinem merdana, agzybir we zähmetsöýer halkymyz öz dana döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalaryň netijeleriniň, ilkinji nobatda, il-ulsumyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigi has-da buýsançly hakykatdyr.

Gurmak, döretmek babatda eziz Diýarymyzyň bölünmez bir synasy bolan Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler bu ynsanperwer syýasatyň öz ak ýoluny dowamata sapandygyndan habar berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny özüne baýdak edinen 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha juwan keşbe girýän welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmet toparlary, ähli ýaşaýjylary uly bagtdan paýlydyklaryna buýsanýarlar. Olar milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlaryny ajaýyp üstünliklere beslemegi maksat edinýärler.

Eziz Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynda uglewodorod çig malynyň baý gorlaryny özünde jemleýän Uzynada meýdançasyna baryp, nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirmegi balkanlylaryň göwünlerine ganat berdi. Şol saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenarynda balykçylar bilen duşuşmagy hem ýatdan çykmajak pursat boldy. Aslynda hem, Hak nazary düşen ülkämiziň Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň köp gorlaryna eýedir hem-de dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we awtoulag ýollarynyň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň iň bir amatly künjegidir. Welaýatdaky Garabogazköl aýlagy, sözüň doly manysynda, hazynalar mesgenidir. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklarymyzyň hataryna goşulýar.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Gündogar — Günbatar magistral gaz geçirijisiniň we beýleki taslamalaryň amala aşyrylan gurluşyklarynyň şu sebite dahylly bolmagy, bu bereketli welaýatda mesgen tutan watandaşlarymyzyň baky köňül buýsanjydyr. Bu ägirt uly gurluşyklaryň ahyrky netijeleriniň tutuş Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň merdana hem agzybir raýatlarynyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilýändigi has-da buýsançlydyr. Hut şonuň üçin hem welaýatda arka atylýan her bir ýyl ýatda galyjy wakalara baýlygy bilen hem tapawutlanýar. Muňa geçen 2021-nji ýylyň şöhratly ýyl ýazgysyna nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirýärsiň.

Geçen ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenbaşy şäherinde gurlan häzirki zaman ýyladyşhanasynyň işine ak pata berdi. Umumy meýdany dört gektara barabar bolan bu ýyladyşhanada her gektardan gök önümleriň 20 tonnadan 50 tonna çenli hasylyny ýygnamaga doly mümkinçilik bar. Gürrüňi edilýän ýylyň 6-njy iýulynda Gahryman Arkadagymyz welaýatymyza bolan iş saparynyň dowamynda sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdy we bu ugurda öňde durýan wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem milli Liderimiz şol saparynyň dowamynda Garabogaz aýlagyna, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi. Şol günüň ertesi hormatly Prezidentimiziň «Rahat» atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermegi hem ýatdan çykmajak pursatlaryň hataryna goşuldy. Şondan bir hepde soň, has takygy, 14-nji iýulda döwlet Baştutanymyzyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak we Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy balkanlylaryň buýsançly başlaryny has belende göterdi. Şu iş saparynyň çäginde milli Liderimiziň welaýatyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat bermegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy diňe bir ýurt ýa sebit möçberinde däl, eýsem, dünýä derejesindäki taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara sergileriniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň guralmagy, Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň geçirilmegi, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň guralmagy, bu ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti hem muňa doly güwä geçýär.

Bereket etrabynyň çäginde — Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde täze gurlan suw howdanynyň 11-nji awgustda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem bedew bady bilen öňe barýan berkarar Diýarymyzyň durmuşynda taryhy wakalaryň biri boldy. Netijede, hormatly Prezidentimiziň 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda Bereket etrabynyň çäginde täze suw howdanlarynyň ikisini gurmak baradaky taryhy çözgüdiniň ilkinjisi üstünlikli amala aşyryldy. Bu suw howdanlarynyň gurulmagy baradaky arzuw topraga bagry badaşan, ene ýerden rysgal-bereket tapýan babadaýhanlarymyzyň köňül islegidi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi esasynda balkanly hasyl ussatlarynyň iň bir arzyly arzuwlary hasyl boldy. Täze suw howdanynyň gurulmagy öň bu jelegaýlar üçin ýat bolan ýene bir pudagy — balykçylyk pudagyny döretmäge hem giň ýol açýar. Jemi 18 million kub metre barabar suw saklajak bu howdanyň tutýan meýdany 540 gektara deň gelýär. Geçen ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň, şeýle hem sebit merkezinde Balkan welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň iki gatly täze edara binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa berilmegi-de ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, ata Watanymyz Türkmenistanyň elektroenergetika pudagy, şeýle hem döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we olaryň ýerlerdäki düzümleri düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryny abatlaýyş-okuw we hyzmat ediş merkeziniň, Magtymguly etrabynda bolsa köpugurly hassahananyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem geçen ýylyň şöhratly ýyl ýazgysynda özüne mynasyp orny eýelemegi başardy.

Arka atylan 2021-nji ýylyň tutuş ýurdumyza, şol sanda bu mukaddes Diýaryň rysgal-bereketli künjegi bolan Balkan welaýatymyza bagyş eden rowaçlyklary barada buýsançly söhbeti näçe dowam etdirseň hem az. Bu künjegiň her bir ýaşaýjysy öz rysgal-döwletliliginiň, bagtyýarlygynyň gözbaşynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baýdak edinen Hakdan halatly Arkadagynyň durandygyna magat göz ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem milli Liderimiziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnyklarymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekeris. Bu möhüm işde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarymyzyň 780-den gowragy eýýämden mynasyp işleri alyp barýarlar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sanynyň 30 müňe golaýlaýandygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň Günbatar sebitdäki dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen çäklenmän, Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk abraý-mertebesini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şu günler bolsa olar edara-kärhanalaryň zähmet toparlarynyň arasynda bolup, şu ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde alyp barýan wagyz-nesihat işlerini has-da işjeňleşdirýärler. Bize zähmet çekip, merdana hem agzybir halkymyza, milli Liderimize, eziz Diýarymyza, şöhratly taryhymyza, bagtyýar şu günlerimize we nurana ertirlerimize bolan çäksiz buýsanjy kalplarymyzda besläp, bu beýik hakykaty ilat arasynda giňden wagyz etmäge döredýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

01.02.2022 ý

 

tags: